DÜNÝÄ

Türki Döwletleriniň Guramasynyň 13-nji sammiti Ankarada geçiriler

2026-njy ýylyň 29–30-njy oktýabrynda Türkiýäniň paýtagty Ankarada Türki Döwletleriniň Guramasynyň (TDG) 13-nji sammiti geçiriler.

«Türki asyry: Dilde, pikirde, hyzmatdaşlykda birlik» şygary bilen geçiriljek sammitiň çäklerinde 29-njy oktýabrda daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi, 30-njy oktýabrda bolsa döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler.

Türkiýäniň gurnamagynda geçiriljek ýokary derejeli duşuşyklaryň Ankaradaky Prezident köşgüniň toplumynda guralmagyna garaşylýar.

Sammitiň dowamynda türki döwletleriň arasyndaky syýasy, ykdysady, söwda we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek, özara gatnaşyklary berkitmek hem-de sebit we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Çeşme: Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Kommunikasiýalar müdirligi.

Related posts

Türkmen we amerikan medeni hyzmatdaşlygy pugtalanýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-da prezident saýlawlary: Ştatlar boýunça sesler sanalýar

Türkmenistanyň we ABŞ-nyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan çäreler toplumy guraldy