BIZNES

Türkmenistan “Hytaý halkara import EXPO” sergisine gatnaşar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň noýabr aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçiriljek “Hytaý halkara import EXPO” sergisine Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň soňky tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap kärhanalarynda öndürilýän ýokary hilli önümleri dünýä bazarlaryna çykarmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň iri möçberli halkara sergilerine yzygiderli gatnaşyp, harytlarymyzyň giňden mahabatlandyrylmagy hem milli önümlerimizi daşary ýurt bazarlarynda ilerletmekde uly ähmiýete eýe bolýar.

“Hytaý halkara import EXPO” sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýurdumyzda öndürilip, dünýä bazarlaryna çykarylýan giň görnüşli harytlar, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri, şeýle hem halkymyzyň milli-medeni mirasy bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem serginiň çäklerinde Türkmen-hytaý işewürler forumy guralar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp,  ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümleri halkara sergilerine çykarmak we giňden tanyşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek «Hytaý halkara import EXPO» sergisine ýurdumyzyň milli pawilýony bilen ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Related posts

Türkmenistanda täze ýokary tizlikli awtomobil ýoly gurlar

Her ýyl iri taslamalara 10 milliard dollar gönükdirilýär

21 sany desgany hususylaşdyrmak meýilleşdirilýär