BILIM

Türkmenistanyň instituty Ýaponiýanyň DIM-niň Hormat haty bilen sylaglandy

Türkmenistanyň Döwletmämmet Azady adyndaky Milli dünýä dilleri instituty ýapon dilini okatmaga we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge goşan goşandy üçin Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň Hormat hatyna mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Halkara maglumat merkeziniň (HMM) habar bermegine görä, sylagy ýokary okuw mekdebiniň rektoryna Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sasaki Hirosi gowşurdy.

Şu mynasybetli institutda dabaraly çäre geçirildi. Ilçiniň we ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ösýändigi nygtaldy.

Çäräniň ahyrynda baýramçylyk konserti geçirildi. Konsertiň dowamynda talyplar türkmen we ýapon dillerinde aýdymlary ýerine ýetirip, tans etdiler, şeýle hem degişli mowzuklar boýunça taýýarlanan wideoşekilleri görkezdiler.

Related posts

Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebi : “Açyk Gapylar 2023”

Aşgabatda geçirilen halkara olimpiadanyň jemleri jemlendi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2022: Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi