BIZNES

Durnukly energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Awstriýa Respublikasynyň Ilçihanasynyň “Hemmeler üçin durnukly energiýa” (SEforALL) guramasynyň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Stefano Marguççionyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.

         Duşuşygyň netijesinde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, energetika ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri öwrenmegiň we Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerini dünýä jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrmagyň ähmiýeti bellenildi.

         Duşuşygyň dowamynda wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň alyp barýan köpugurly işleri, ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini halkara derejede tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle hem halkara sergileri we işewürlik forumlaryny guramak boýunça işjeňligi bilen tanyşdyryldy. Edaranyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekde we halkara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açmakda eýeleýän möhüm orny aýratyn bellenildi.

         Wekiliýetiň ýurdumyza saparynyň esasy maksady “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly Halkara sergisine we maslahatyna – CIET 2026 gatnaşmakdan ybaratdyr. SEforALL guramasynyň wekiliýeti halkara maslahata esasy çykyş edijileriň biri hökmünde işjeň gatnaşyp, dünýä energetikasynyň durnukly ösüşi we energiýa howpsuzlygy boýunça tejribelerini paýlaşýar.

         Halkara maslahatyň çäklerinde energetika ulgamynda durnukly ösüşi üpjün etmek, energiýa serişdelerinden netijeli peýdalanmak we halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşmagy möhüm ähmiýte eýedir.

         Duşuşyk we wekiliýetiň “CIET 2026” halkara sergisine hem-de maslahatyna gatnaşmagy Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, energetika ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak we ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini dünýä derejesinde dabaralandyrmak boýunça alyp barýan işleriniň möhüm beýany boldy.

Related posts

Türkmenistan bilen Pakistanyň işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygy giňeldilýär

Türkmenistan bilen Pakistan ulag we söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Ata Watan Eserleri

“Rönesans” kompaniýasy Aşgabatda söwda merkezini gurar