Aşgabat şäherinde geçirilýän “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek” atly halkara serginiň we maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şuminiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan köpugurly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri hem-de geljekki ösüş ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde, işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmakda we özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmekde halkara sergileriň, maslahatlaryň hem-de işewürlik forumlarynyň möhüm ähmiýetini nygtadylar.
Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň 6 – 7-nji noýabrynda Şanhaý şäherinde Hytaýyň 9-njy halkara import sergisiniň çäklerinde geçiriljek türkmen-hytaý işewürlik forumynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Forumyň iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek, maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de özara bähbitli başlangyçlary öňe sürmek üçin möhüm meýdança boljakdygy bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak hem-de ykdysady gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmak meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklar ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açmak bilen, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da berkemegine giň ýol açýar.
