FIFA-nyň taryhynda ilkinji gezek zenan prezident bolarmy? UEFA–nyň Infantinonyň ornuna mümkin bolan dalaşgärleri gözden geçirýär. Bu barada sport neşirlerinde dürli habarlar çap edilýär. Ýöne entek UEFA tarapyndan resmi taýdan hiç hili dalaşgär hödürlenmedi.
Futbol pudagynyň esasy guramasyna başlyklyk üçin hödürlenip biljek dalaşgärler:
Ilkinji dalaşgär — Mişel Kan. Ol futbol dünýäsinde işjeň maýadar hökmünde tanalýar. Kang ABŞ-nyň «Washington Spirit», Angliýanyň «London City Lionesses» we Fransiýanyň «Lyon» klublaryna maýa goýup, olaryň paýlaryna eýelik edýär.
Ikinji dalaşgär — Liz Klaweness. Ol 2022-nji ýyldan bäri Norwegiýanyň Futbol federasiýasyna ýolbaşçylyk edýär.
Arsen Wenger hem üns merkezinde. Meşhur fransuz hünärmeniniň ady hem FIFA-nyň prezidentligine mümkin bolan dalaşgärleriň arasynda agzalýar.
Siziň pikiriňizçe, olaryň haýsydyr biri Janni Infantinonyň ornuny eýeläp bilermi?
