Mohammed bin Zaýed stadionynda geçirilen AFK Çempionlar ligasy 2-niň 2026/27 möwsüminiň B toparçasyndaky duşuşykda «Al-Jazira» topary çekeleşikli geçen oýnuň soňky pursatlarynda «Arkadag» futbol klubuny 2:1 hasabynda ýeňmegi başardy.
BAE-niň wekili dört utuk bilen B toparçanyň ýaryş tertibinde birinji orna çykdy. Türkmenistanyň «Arkadag» topary bolsa üç utuk bilen 2-nji orna geçdi.
Duşuşygyň 55-nji minutda «Al-Jazira» ahyry hasaby açmagy başardy. Malkom 11 metrlik jerime urgusyndan ynamly peýdalanyp, topy derwezä girizdi.

Geçirilen goldan soň AFK-nyň 2024/25 möwsümindäki Çagyryş ligasynyň çempiony «Arkadag» hüjümlerini güýçlendirdi.
«Arkadagyň» hüjümleri 66-njy minutda öz miwesini berdi. Arzuwguly Sapargulyýew çep ganatdan öňe süýşüp, jerime meýdançasyna takyk pas geçirdi. Abdy Bäşimow bolsa kelle urgusy bilen topy derwezeban Ersin Destanoglunyň goragyndan geçirip, hasaby deňledi — 1:1.
Oýnuň esasy wagtyna goşulan bäşinji minutda ýer eýeleri ýeňiş goluny geçirmegi başardylar.
