DÜNÝÄ

Merkezi Aziýanyň Prezidentleri Azerbaýjana iş sapary bilen bardylar

15-nji oktýabrda Azerbaýjanyň paýtagty  Baku şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň (CICA) 7-nji sammiti geçiriler. Bu sammite gatnaşmak üçin Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Saparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon iş sapary bilen Baku şäherine bardylar.

Baku şäheriniň halkara howa menzilinde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Saparowy Azerbaýjanyň Premýer-ministriniň orunbasary Samir Şarifow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmony bolsa, Azerbaýjanyň Premýer-ministriniň orunbasary Şahin Mustafaýew garşylady.

Döwlet Baştutanlary Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň 7-nji sammitine gatnaşarlar.

Çäräniň çäklerinde döwlet, hökümet we halkara guramalarynyň baştutanlary özara baglanyşyklylyk, sanlylaşdyrmak we durnukly ösüş meseleleri boýunça sebitara hyzmatdaşlygy berkitmegiň derwaýys meselelerini maslahatlaşarlar.

Maslahatlaşmanyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge we berkitmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň kabul edilmegine garaşylýar.

Related posts

Gazagystanda 3 müňden gowrak türkmen talyby bilim alýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara ulag forumyna gatnaşýar

Erkek kişilerde saç düşmeginiň täze sebäbi anyklanyldy

vepa