SPORT

«Arkadag» topary 4-nji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy

«Arkadag» futbol kluby Türkmenistanyň çempiony diýen adyny goramagy başardy. Döwlet ähmiýetli adybir şäheriň wekili bolan topar bu üstünlige milli çempionatyň tamamlanmagyna bäş tapgyr galanda, 23-nji tapgyryň duşuşygynda «Ahal» toparyny 4:0 hasabynda ýeňip, möhletinden öň ýetdi.

Duşuşyk paýtagtymyzdaky köpugurly «Aşgabat» stadionynda geçirildi we myhmanlaryň aýdyň artykmaçlygynda geçdi. «Arkadagyň» futbolçylary her ýarymda iki pökgi geçirdiler. Birinji ýarymda Mekan Saparow (13-nji minut) we Ahmet Ataýew (33-nji minut), ikinji ýarymda bolsa Baýram Ataýew (51-nji minut) hem-de Rahman Myratberdiýew (61-nji minut) tapawutlandylar.

Bu ýeňişden soň «Arkadagyň» futbolçylary beýleki bäsdeşleri üçin ýetip bolmajak utuk artykmaçlygyny gazandylar.

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň esasy düzümini emele getirýän «Arkadag» futbol kluby 2023-nji ýylda döredildi. Klub ilkinji ýylynda iki uly üstünlige ýetip, Türkmenistanyň çempionatynda we Kubogy ugrunda geçirilen ýaryşda ýeňiji boldy.

Üns bererlik tarapy, topar döredilen gününden bäri Türkmenistanyň milli çempionatynyň resmi duşuşyklarynda ýekeje utugyny hem ýitirmedi.

Geçen ýyl «Arkadagyň» futbolçylary birbada dört baýragy eýelediler. Olar AFK-nyň Çagyryş ligasynda, Türkmenistanyň çempionatynda we Superkubogy ugrunda geçirilen ýaryşlarda gazanan ýeňişleriniň üstüni Türkmenistanyň Kubogy bilen ýetirdiler. Indi bolsa klub yzly-yzyna dördünji gezek ýurduň iň esasy futbol baýragyna mynasyp boldy.

«Arkadagy» bu üstünlige 46 ýaşly baş tälimçi Wladimir Baýramow alyp geldi. Ol geçmişde Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň belli hüjümçisi bolup, 2003/04-nji möwsümde Groznyý şäheriniň «Terek» toparynyň düzüminde Russiýanyň Kubogyny, 2013-nji ýylda bolsa «Balkan» toparynyň düzüminde AFK-nyň Prezidentiniň Kubogyny gazandy.

Türkmenistanyň çempionatynyň kümüş we bürünç medallarynyň ykbaly galan duşuşyklarda «Ahal» bilen «Altyn asyr» toparlarynyň arasynda çözüler.

Çempionatyň iň netijeli oýunçylarynyň sanawynda «Arkadagyň» hüjümçisi Didar Durdyýew öňdeligi ynamly saklaýar. Soňky dört möwsümiň iň köp pökgi geçiren futbolçysy häzirki wagtda 22 goluň awtorydyr. Olaryň dördüsi 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi.

Onuň iň ýakyn bäsdeşi «Ahalyň» hüjümçisi Süleýman Mirzoýew bolup, ol 10 pökgi geçirdi. Şolaryň ikisi 11 metrlik jerime urgusyndan gazanyldy.

Related posts

UEFA-nyň Çempionlar ligasy: “Mançester Siti” we “Leipsig” indiki tapgyra çykdy

Türkmen talyp türgenleri 2024-nji ýylda halkara ýaryşlarda 127 medal gazandy

Ramos “Real”-dan gidýär