MEDENIÝET

Russiýaly arheologlar Garagum sähralygynda bäş mazardan ybarat toplumy ýüze çykardylar

Türkmenistanyň günorta-gündogarynda ylmy-gözleg işlerini geçirýän Margiana arheologiýa ekspedisiýasynyň hünärmenleri bu sebitde ilkinji gezek bäş mazardan ybarat toplumy ýüze çykardylar. Bu barada ekspedisiýanyň ýolbaşçysy, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň baş ylmy işgäri Nadežda Dubowa TASS agentliginiň sowallaryna jogap berende žurnalistlere habar berdi.

Ekspedisiýanyň nobatdaky meýdan işleri şu ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda geçirildi. Gazuw-agtaryş işlerine Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň, Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň hünärmenleri türkmen kärdeşleri bilen bilelikde gatnaşýarlar.

Ýarym asyra golaý wagt bäri ekspedisiýanyň esasy barlag merkezi Garagum çölünde ýerleşýän Goňurdepe gadymy şäheri bolup galýar. Biziň eýýamymyzdan öňki III–II müňýyllyklaryň sepgidinde, bürünç eýýamynda Murgap derýasynyň gadymy deltasynda giň oazis gülläp ösüpdir. Bu ýer gadymy ýazuw çeşmelerinde Marguş ýa-da Margiana diýlip atlandyrylýan ýurt bolupdyr.

«Iň ähmiýetli tapyndylarymyzyň biri bäş mazardan ybarat bolan tutuş bir toplumdyr. Olaryň ählisi bitewi toplumy emele getirýär.  Goňurdepede şeýle görnüşli mazarlar toplumy ilkinji gezek ýüze çykaryldy. Bu mazarlar dürli döwürlerde gurlupdyr. Ýagny ilki birinji mazar, soňra ikinji, üçünji, dördünji we bäşinji mazarlar gurlupdyr» diýip, Dubowa gürrüň berdi.

Dubowanyň aýtmagyna görä, şu möwsümiň dowamynda jemi 160-a golaý arheologik tapyndy ýüze çykaryldy. Olaryň 27-si keramiki gap-gaçlardan ybaratdyr.

Ekspedisiýanyň ýolbaşçysy tapyndylaryň arasynda bürünçden ýasalan oba hojalyk zähmet guralyny aýratyn belledi. Şeýle gurallar öň hem tapylan bolsa-da, olaryň sany örän azdyr. Mundan başga-da, agaç işläp bejermek üçin ulanylan gurallar, şol sanda agaç ýonujy gurallar tapyldy. Dubowa şu ýylky gazuw-agtaryş möwsüminiň üstünlikli geçendigini nygtady.

Margiana arheologiýa ekspedisiýasy 1950-nji ýyllarda döredildi. Onuň taryhy XX asyryň iň iri arheologik açyşlarynyň käbirini amala aşyran görnükli alym Wiktor Sarianidiniň (1929–2013) ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

1980-nji ýyllaryň ahyryna çenli Sarianidi Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky gadymy Merw oazisinde 200-den gowrak oturymly ýeri ýüze çykardy. Olaryň merkezi biziň eýýamymyzdan öňki III müňýyllygyň ahyryna degişli iri toplumy bolan Goňurdepe bolupdyr.

Related posts

«Türkmenfilm» birleşiginden Täze ýylda täze filmler

Milan ýene-de sungat bilen duşuşýar

Parahatçylygyň saýrak bilbili