DÜNÝÄ

Türki Döwletleriň Guramasyna täze baş sekretar bellendi

Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitinde guramanyň täze baş sekretaryny saýlamak babatdaky guramaçylyk meselesine hem seredildi.

Şoňa laýyklykda, Özbegistanyň wekili Türki Döwletleriň Guramasynyň täze Baş sekretary boldy. Sekretariaty Tükriýede ýerleşýän guramanyň baş sekretary wezipesine Özbegistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mirwohid Azimow bellenildi.

Ol bu wezipede soňky dört ýylyň dowamynda gurama ýolbaşçylyk eden Gyrgyzystanyň diplomaty Kubanyçbek Ömüraliýewiň ornuny eýeleýär.

Related posts

GDA-nyň synçylar topary saýlawlaryň guramaçylygyna ýokary baha berdi

Ata Watan Eserleri

Özbegistandaky parlament saýlawlaryna bagyşlanan brifing

Azerbaýjan Türkmenistanyň Mejlisiniň geçiren konstitusiýa boýunça onlaýn maslahatyna gatnaşdy