DÜNÝÄ

Tokaýew Russiýanyň Türki Döwletleriň Guramasyna goşulmagyny teklip etdi

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Ankarada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) 13-nji sammitinde eden çykyşynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen «Türki Döwletleriň Guramasy+» formatynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň möhümdigini nygtady. Bu barada Kazinform habarlar agentligi Akorda salgylanyp habar berýär.

«Guramamyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmak maksady bilen Russiýanyň bu ugurdaky başlangyjyna oňyn garamak we oňa şu formata goşulmagy ýa-da Türki Döwletleriň Guramasynyň işine synçy hökmünde gatnaşmagy teklip etmek dogry hem-de adalatly çözgüt bolardy.

Russiýa iri döwlet hökmünde asyrlarboýy türki dünýä bilen ýakyn gatnaşyklary saklap gelýär. Bu ýurduň çäginde taryhy taýdan köp sanly türki halklaryň wekilleri ýaşaýarlar.

Häzirki wagtda Russiýa «Altaý — türki siwilizasiýasynyň sallançagy» atly taslamany öňe sürýär. Gazagystan hem bu taslamany goldaýar.

Umuman, Russiýanyň türki döwletleriň, ýagny biziň Guramamyzyň düzümine goşulmagy ähli döwletlerimiz üçin peýdaly bolardy» diýip, Gazagystanyň Prezidenti belledi.

Gazagystanyň döwlet Baştutany öz çykyşynda Türki Döwletleriň Guramasynyň türki dünýäniň agzybirligini berkitmäge ýardam edýän özboluşly halkara düzümdigini hem nygtady.

Related posts

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi

«Saud–Türkmen gatnaşyklary» atly «tegelek stol» maslahaty geçirildi

“Jahan” döredijilik merkeziniň binalary döwrebaplaşdyrylar