DÜNÝÄ

ABŞ-da kazyýet DV-2027 Green Card lotereýasynyň başlanmagy baradaky kararyň ýerine ýetirilmegini togtatdy

ABŞ-nyň 9-njy federal apellýasiýa kazyýeti Donald Trampyň administrasiýasynyň haýyşyny kanagatlandyryp, DV-2027 Green Card lotereýasyna gatnaşmak üçin arzalaryň kabul edilmegini başlamagy talap edýän kazyýet kararynyň ýerine ýetirilmegini wagtlaýyn togtatdy.

Bu karar DV-2027 Green Card lotereýasynyň 2026-njy ýylyň 1-nji noýabrynda başlanmajakdygyny aňladýar.

Kazyýetiň üç kazydan ybarat topary — M. Margaret McKeown, N. Randy Smith we Holly A. Thomas ABŞ-nyň administrasiýasynyň apellýasiýa şikaýatyna seredilýän döwründe ozalky kazyýet kararynyň ýerine ýetirilmegini togtatmak baradaky haýyşyny kanagatlandyrdy.

Kazyýet nähili karar kabul etdi?

Kazyýet öz kararynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Green Card lotereýasyna hasaba alyş döwrüni açmandygyny goldamaýandygyny belledi.

Şeýle-de bolsa, kazyýet «Red Eagle» tarapynyň degişli kanunyň goraýan bähbitleriniň çägine girýändigini we şol kanuna esaslanyp talap bildirmäge hukugynyň bardygyny ýeterlik derejede subut edip bilmändigini mälim etdi.

Şunuň bilen baglylykda, kazyýet administrasiýanyň apellýasiýa şikaýatyna seredilýänçä ozalky kararyň ýerine ýetirilmegini togtatmak baradaky gyssagly haýyşyny kanagatlandyrdy.

Şeýle hem apellýasiýa işiniň dowam etdirilmegi üçin degişli resminamalaryň tabşyrylmaly möhletleriniň kesgitlenjekdigi habar berildi.

DV-2027 lotereýasyna garaşýanlar üçin bu nämäni aňladýar?

Kazyýetiň täze kararyna görä, DV-2027 maksatnamasy boýunça arzalaryň kabul edilmegini 1-nji noýabrda başlamak baradaky kazyýet talaby häzirlikçe ýerine ýetirilmez.

Emma bu karar DV-2027 Green Card lotereýasynyň doly ýatyrylandygyny aňlatmaýar. Maksatnamanyň hasaba alyş döwrüniň haçan başlanjakdygy baradaky mesele heniz çözülmän galýar.

Related posts

Ştaýnmaýer: Germaniýa Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolar

Tähranda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Şa zenany Ýelizawetanyň mum heýkeli ýasaldy