JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentine hormatly doktorlyk derejäniň berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Hajettepe uniwersiteti tarapyndan “Halkara gatnaşyklary boýunça hormatly doktor” derejesiniň  berilmegi we Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň (DEIK) “Strategik dostluk” nyşanynyň gowşurylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.

Dabara Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary, döwlet edaralarynyň, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri, şeýle hem professor-mugallymlar we talyplar gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň syýasy, ykdysady, medeni, ynsanperwer we bilim ulgamlarynda yzygiderli ösýändigi bellenildi.

Halkara parahatçylygyny, ynamyny we howpsuzlygyny berkitmäge, şeýle hem türki dünýäsi döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen Türkmenistanyň daşary syýasat başlangyçlaryna aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Prezidentine Hajettepe uniwersiteti tarapyndan “Halkara gatnaşyklary boýunça hormatly doktor” hormatly derejesiniň we Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşinden (DEIK) “Strategik dostluk” nyşanynyň gowşurylmagynyň  halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, global parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, işewür gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly şertleri döretmäge we hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşan uly goşandynyň ykrar edillýändigi bellenildi.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Şener Jebeji medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýetiniň belläp, täze açylan türki medeni seýilgähiniň doganlyk halklaryň dostlugynyň nyşanydygyny belledi.

MAslahata gatnaşyjylar döwletara hyzmatdaşlygyň gazanylan derejesiniň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, degişli edaralaryň we işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek we iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy has-da berkitmek üçin goşmaça mümkinçilikleri açýandygyny nygtadylar.

Dabaraly maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Hajettepe uniwersitetinden hormatly doktory derejesiniň we DEIK-iň “Strategik dostluk” nyşanynyň berilmegi bilen baglanyşykly tüýs ýürekden hoşallyk we gutlaglar bildirilen ýüzlenme kabul edildi.

Related posts

Ýurdumyzyň teatrlaryna täze ýolbaşçylar bellenildi

Ata Watan Eserleri

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary döwlet sylaglaryny aldy

Sürüjini 97 göterim goraýar

vepa