SPORT

AFK-nyň Çempionlar ligasy-2: “Arkadag” topary «Al-Jazira» topary bilen duşuşar

«Arkadag» futbol kluby 2026/27-nji möwsümiň AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynda ikinji duşuşygyny geçirer. 14-nji oktýabrda, çarşenbe güni türkmen topary myhmançylykda Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Jazira» topary bilen güýç synanyşar. Duşuşyk Abu-Dabi şäherindäki Mohammed bin Zaýed adyndaky stadionda geçiriler we Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlanar.

Birinji tapgyrda «Arkadag» öz meýdançasynda Bahreýniň «Al-Muharrak» toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň ýeke-täk pökgüsini 52-nji minutda Mekan Saparow burçdan geçirilen topy kellesi bilen derwezä gönükdirip geçirdi.

«B» toparçasynyň beýleki duşuşygynda «Al-Jazira» bilen Eýranyň «Gol Gohar» topary 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady. Birinji tapgyrdan soň «Arkadag» 3 utuk bilen toparçanyň ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär. «Al-Jazira» bilen «Gol Goharyň» hersinde 1 utuk bar, «Al-Muharrak» bolsa häzirlikçe utuk gazanyp bilmedi.

«Al-Jazira» BAE-niň milli çempionatynyň öňdebaryjy toparlarynyň biridir. 2026/27-nji möwsümiň Pro-ligasynyň bäş tapgyryndan soň topar 4 ýeňiş, 1 deňlik we 13 utuk bilen birinji orunda barýar. Toparyň geçiren we öz derwezesine goýberen pökgüleriniň gatnaşygy 11:2. «Al-Aýn» toparynyň hem 13 utugy bar, emma «Al-Jazira» pökgüleriň tapawudy boýunça öňde barýar.

Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, «Al-Jaziranyň» dört futbolçysy liganyň iň gymmat bahaly oýunçylarynyň hataryna girýär. Olar braziliýaly Malkom (18 million ýewro) we Taliska (7 million ýewro), albaniýaly Kristýan Asllani (12 million ýewro) hem-de nigeriýaly Entoni Dennisdir (8 million ýewro).

«Arkadag» şu möwsüm Türkmenistanyň milli çempionatynda hem ynamly çykyş edýär. Klub möhletinden öň yzly-yzyna dördünji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy. 25 duşuşykda 25 ýeňiş gazanan toparyň 75 utugy bar. Geçirilen we goýberilen pökgüleriň gatnaşygy 101:12.

2023-nji ýylda döredilen «Arkadag» futbol kluby adybir şäheriň wekili bolup, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň esasy düzümini emele getirýär.

Related posts

Her bir ýeňiş üçin 3 müň agaç

Fransiýa pleý-off tapgyryna çykan ilkinji ýygyndy

Sport täzelikleri gysga setirlerde… Grizmanny satmak isleýärler

Ata Watan Eserleri