JEMGYÝET

Arkadag şäheriniň tejribesi Birleşen Milletler Guramasynda tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Nýu-Ýork şäherindäki BMG-niň Baş edarasynda Bütindünýä şäherler güni – 2026 mynasybetli geçirilen ýörite çärä gatnaşdy. Çäre Polşanyň we Zimbabweniň bilelikde başlyklyk etmeginde BMG-Habitat, durnukly şäherleşme we Täze şäher gün tertibi boýunça Dostlar topary tarapyndan guraldy.

Dostlar toparynyň işjeň agzasy hökmünde Türkmenistan durnukly şäherleşmäni, inklýuziw ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Her ýylyň 31-nji oktýabrynda bellenilýän Bütindünýä şäherler güni Täze şäher gün tertibini we Durnukly ösüş maksatlarynyň 11-nji maksadyny durmuşa geçirmegi ilerletmek üçin möhüm mümkinçilik bolup hyzmat edýär. Şu ýylyň «Şäheriň täzeden galkynyşy: hemmeler üçin ýeterlik ýaşaýyş jaýy» atly mowzugy adamlaryň bähbitlerine gönükdirilen şäher ösüşiniň, elýeterli ýaşaýyş jaýlarynyň we ýerli jemgyýetleriň durnuklylygynyň ähmiýetini nygtaýar.

Türkmenistanyň çykyşynda esasy orun «akylly» şäher taslamasynyň nusgasy bolan Arkadag şäherine berildi. Bu şäher innowasion, ekologiýa taýdan arassa we durnukly şäher ösüşi babatda Türkmenistanyň milli garaýyşlaryny özünde jemleýär.

Arkadag şäherinde intellektual tehnologiýalar we şäher dolandyryş ulgamlary, sanly döwlet hyzmatlary, ýaşyl infrastruktura hem-de ekologiýa taýdan arassa ulag serişdeleri utgaşdyrylyp, geljegiň durnukly şäherlerini döretmek boýunça amaly tejribe toplanylýar.

Türkmenistanyň hemişelik wekili ýurduň BMG-Habitat bilen hyzmatdaşlygynyň barha giňeýändigini belledi. Bu hyzmatdaşlyk Arkadag şäherine baha beriş saparyny, özara düşünişmek hakynda ikitaraplaýyn Ähtnamany, şeýle hem 2026–2030-njy ýyllar üçin ýurt boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň taýýarlanylmagyny öz içine alýar.

Türkmenistan 2027–2028-nji ýyllarda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler toparyna başlyklyk etjek ýurt hökmünde iki sany amaly başlangyjy öňe sürdi.

Birinji başlangyç BMG-Habitat bilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň arasynda ýörite hyzmatdaşlyk platformasyny döretmegi göz öňünde tutýar. Bu platforma Awa­za hereketler maksatnamasyny goldamak maksady bilen «akylly» şäherler, elýeterli ýaşaýyş jaýlary we durnukly şäherleşme boýunça öňdebaryjy tejribeleri, şol sanda Arkadag şäheriniň tejribesini alyşmaga gönükdiriler.

Ikinji başlangyç deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň şäherleri üçin maksatly tehniki kömegi we synag taslamalaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Bu ugurda durnukly infrastruktura, şäherleriň özara arabaglanyşygy, howanyň üýtgemegine durnuklylyk hem-de maliýeleşdirmegiň innowasion mehanizmleri ileri tutulýar.

Bütindünýä şäherler güni – 2026 mynasybetli Türkmenistan Dostlar toparynyň işine işjeň gatnaşmaga, BMG-Habitat bilen hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga we dünýäde has «akylly», ekologiýa taýdan arassa, inklýuziw hem-de durnukly şäherleri kemala getirmek ugrunda Arkadag şäheriniň tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Çeşme: Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy.

Related posts

Özbek Lideri türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

BM Genel Sekreteri Afganistan Özel Temsilcisi’nin Aşkabat ziyareti

vepa

2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy taýýarlandy