DÜNÝÄ

Türkmenistan 9 aýda 187 halkara resminamalar baglaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Hytaýa, Awstriýa, Russiýa Federasiýasyna, Beýik Britaniýa, Eýrana, Owganystana hem-de Niderlandlar Patyşalygyna saparlary guraldy.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda Gazagystana, Azerbaýjana, Gruziýa, Gyrgyzystana hem-de Koreýa Respublikasyna saparlary amala aşyrdy.

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory, Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň Baş sekretary, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygy hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary ýurdumyzda saparda boldular.

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri, beýleki duşuşyklar hem-de çäreler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 22-nji maýda paýtagtymyzda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 608 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi we Türkmenistandan daşary ýurtlarda 1011 wekiliýet saparda boldy. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 355-si geçirildi. Şeýle hem hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde 1682 resmi gepleşikler we duşuşyklar guraldy.

Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmek hem esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Ýylyň başyndan bäri 187 halkara resminamalar baglaşyldy.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Awstriýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Seýşeller Respublikasynyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Ýaponiýanyň, Niderlandlar Patyşalygynyň daşary işler ministrleri we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary bilen syýasy geňeşmeleri geçirildi.

Şunuň bilen birlikde, 2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Hindistanyň, Marokko Patyşalygynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýanyň, Zimbabweniň, Azerbaýjanyň, Ugandanyň, Koreýa Respublikasynyň, Ermenistanyň, Belarus Respublikasynyň, Kamboja Patyşalygynyň, Ukrainanyň, Türkiýäniň, Täze Zelandiýanyň, Indoneziýanyň, Ýaponiýanyň we Bangladeşiň daşary syýasat edaralary bilen geňeşmeler guraldy.

Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Çad Respublikasynyň, Indoneziýanyň, Italiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Argentinanyň, Müsür Arap Respublikasynyň, Finlýandiýanyň, Keniýanyň, Alžiriň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Fransiýanyň, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenilen ilçileriniň we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň ynanç hatlaryny gowşurandyklary bellenildi.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky, Irlandiýadaky, Maldiwler Respublikasyndaky ilçileri, şeýle hem BMG-niň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.

Related posts

Dünýäniň iň garry agajy

Türkmenistan Eýran bilen gaz hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýar

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň ýaşuly adamy aradan çykdy

Ata Watan Eserleri