DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde Aşgabada gelen Mongoliýanyň daşary işler ministri hanym Batseseg Batmunhiýn bilen duşuşyk geçirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar bu saparyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-mongol gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi nukdaýnazaryndan ähmiýetini bellediler.

Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada pikir alyşdylar.

Şeýle-de Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň ýolbaşçylygyndaky Mongoliýanyň wekiliýetiniň düýn Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyna gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Related posts

YHG-niň Ministrler Geňeşiniň 25-nji mejlisiniň duşuşygy

Konsullyk meseleleri boýunça daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-gazak geňeşmeleri geçirildi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň senatory Stiw Deýns bilen duşuşdy