JEMGYÝET

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 7-nji oktýabrda iş sapary bilen Türkmenistana geldi.

Türkmenbaşy şäheriniň howa menzilinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

 

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, 8-nji oktýabrda Özbegistanyň Lideri Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň sekizinji Konsultatiw duşuşygyna, 9-njy oktýabrda bolsa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň nobatdaky sammitine gatnaşar.

Çäreleriň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem birnäçe tapgyryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady

Ata Watan Eserleri