DÜNÝÄ

Konsullyk meseleleri boýunça daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-gazak geňeşmeleri geçirildi

2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde konsullyk meseleleri boýunça Daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-gazak geňeşmeleri geçirildi.

Taraplar Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösüş depgini we mümkinçilikleri barada belläp geçdiler.

Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn konsullyk hyzmatdaşlygy meseleleri babatda pikir alşyldy.

Şeýle hem şertnamalaýyn hukuk binýadyň kämilleşdirilmegi meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar geljekde konsullyk meseleleri boýunça gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Related posts

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Döwlet ministri bilen duşuşygy

Визит министра иностранных дел Исламской Республики Иран в Туркменистан

Eýranyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy gutlady