Şu gün, ýagny 5-nji oktýabrda Bütindünýä mugallymlar güni bellenilýär. 1966-njy ýylyň hut şu gününde ÝUNESKO bilen Halkara Zähmet Guramasynyň bilelikde guran konferensiýasynda mugallymlaryň hünär işiniň şertlerini kesgitleýän «Mugallymlaryň statusy hakynda» ilkinji halkara resminama kabul edildi.
1994-nji ýylda ÝUNESKO 5-nji oktýabry Bütindünýä mugallymlar güni hökmünde yglan etdi. Bu sene BMG-niň halkara we bütindünýä günleriniň sanawyna hem girizildi. Bu günüň maksady mugallymlaryň jemgyýetdäki ornuna, şeýle hem olaryň bilim ulgamyndaky we jemgyýetiň ösüşindäki möhüm ähmiýetine ünsi çekmekden ybaratdyr.
Mugallymlar güni dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda bellenilýär. Käbir döwletlerde bolsa bu baýram milli derejede başga senelerde bellenilip geçilýär.
