BILIM

Türkmen ýaşlary Belarusda bilim almaga uly isleg bildirýär

2023-2024-nji okuw ýyly üçin Belarus Respublikasynyň 23 ýokary okuw mekdebine 330 Türkmenistanyň raýaty okuw üçin çakylyk aldy. Bu barada Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan ýaýradylan sanawda bellenilip geçilýär.

Belarusyň ýokayr okuw mekdepleri üçin kabul ediş möwsümi tamamlandy. Türkmenistanyň raýatlarynyň köp bölegi Belarus döwlet uniwersitetiniň A.D. Saharow adyndaky Halkara döwlet ekologiýa institutyna has köp isleg bildirdi.

Bu instituta 92 türkmen dalaşgäri ýüz tutan bolsa, Belarus döwlet uniwersitetine 79 raýat ýüz tutdy. Türkmen raýatlarynyň isleg bildiren ýkary okuw mekdepleriniň ýene-de biri Ýa. Kupal adyndaky Grodnen döwlet uniwersiteti boldy. Bu bilim ojagy 35 dalaşgär kabul etdi. F. Skorin adyndaky Gomel döwlet uniwersitetine bolsa, türkmen ýaşlarynyň 31-si ýüz tutdy.

Türkmen raýatlary 6 lukmançylyk, 4 tehniki, 3 agrar we 7 köpugurly ýokary okuw mekdeplerine resminamalaryny tabşyrdylar.

Soňky maglumatlara görä, Belarusda türkmen ýaşlarynyň 6 müňden gowragy bilim alýar.

Related posts

Professor döwründe hukuk fakultetini tamamlady

Iňlis diliniň söz gory barada

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasy işlenip düzüldi

Leave a Comment