Gruziýanyň Batumi şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Gruziýanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Maka Boçorişwiliniň gurnamagynda geçirilen duşuşyga Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin hem-de Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow gatnaşdy.
Duşuşykda alty ýurt esasy hyzmatdaşlyk meselelerine, şeýle hem sebitleýin gün tertibine degişli meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Daşary işler ministrleri durnukly ösüşi üpjün etmekde we sebitara hyzmatdaşlygy giňeltmekde umumy bähbitleri bilen birleşen ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini bellediler. Olar amaly çözgütleri işläp düzmek we bilelikdäki başlangyçlary öňe sürmek üçin yzygiderli gepleşikleriň möhümdigini nygtadylar.
Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän Hazarüsti halkara ulag ýolunyň – Orta geçelgäniň ösüşine aýratyn üns berildi. Infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak, ulaglary sanlylaşdyrmak we üstaşyr geçirmek amallaryny ýönekeýleşdirmek arkaly onuň bäsdeşligini ýokarlandyrmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyk gatnaşyjylar halkara gün tertibindäki häzirki zaman meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.
Saparyň dowamynda Merkezi Aziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Hazarüsti halkara ulag ýolunyň möhüm halkasy bolan Batumi deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.
