JEMGYÝET

«Awaza» GDA-nyň sammiti: 7-9-njy oktýabr aralygyndaky çäreleriň maksatnamasy

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde 7 — 9-njy oktýabr aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe halkara çäre geçiriler. Çäreleriň esasy wakasy 9-njy oktýabrda geçiriljek GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi bolar. Bu çärelere “Ata Watan Media” topary hem gatnaşar.

Mejlis Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçiriler. Oňa Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Liderleri gatnaşarlar. Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Ismail Bagaýiniň ozal habar berşi ýaly, Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň hem mejlise gatnaşmagyna garaşylýar.

Gatnaşyjylar syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşarlar, Arkalaşygyň şu ýyldaky işleriniň jemini jemlärler hem-de geljek üçin wezipeleri kesgitlärler.

7-nji oktýabrda «Awazada» «Durnukly ösüşe ýardam bermek we zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak» atly temadan halkara dialogyny, GDA agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň saglygy goraýyş ulgamy boýunça maslahatyny we «Demografik ýagdaýlar we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Amyderýa we Syrderýa derýalarynyň suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça ýokary derejeli duşuşygy, tohumçylyk meseleleri boýunça mejlis, GDA-na agza döwletleriň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi, Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň duşuşygy hem-de «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler.

8-nji oktýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bolar.

Şeýle-de şol gün GDA agza döwletleriň we Eýranyň milli tagamlarynyň festiwaly, «Ganatly bedew: güýç we nepislik» atly döwletara telefilmler bäsleşiginiň hem-de «Tatar gyzy – 2026» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, şeýle-de GDA agza döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçiriler.

9-njy oktýabrda, GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinden başga-da, Hazar ekologiýa sammiti we «Awaza» sport toplumynyň sergi meýdançasynda GDA agza döwletleriň we Eýranyň sergisi geçiriler.

Related posts

Video-konferansı Bakanlar Kurulu: Buğday hasat dönemi başlıyor

vepa

Premýer-ministr: Baku Türkmenistanyň Bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjyny goldaýar

Türkmenistan we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri duşuşdylar

vepa