SPORT

Türkmen türgenleri dokuz aýda 554 medal gazandylar

Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda jemi 554 medal gazanmagy başardylar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow şu ýylyň dokuz aýynda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine bagyşlanan mejlisinde habar berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça degişli işler alnyp baryldy. Ýurdumyzyň türgenleri iri halkara ýaryşlarynda ýokary netijeleri görkezip, iýul-awgust aýlarynda 83 medal gazandylar. Şeýlelikde, şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň gazanan medallarynyň sany 554-e ýetdi.

Hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ylym-bilim ulgamynda, saglygy goraýyş pudagynda hem-de sport babatda alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, ýaş nesliň bilim edaralarynda döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim alşyny guramak meselesine aýratyn üns berilmelidigi bellenildi.

Related posts

Amerikanyň kompaniýasy “Milan” toparyny satyn aldy

Ata Watan Eserleri

Çempionlar ligasy: “Real”:1 – 1: “Çelsi”

Ata Watan Eserleri

Pekindäki gyşky Olimpiýa oýunlary tamamlandy