JEMGYÝET

Wladimir Putin 8–9-njy oktýabrda Türkmenistana geler

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 8–9-njy oktýabrda iş sapary bilen Türkmenistana geler. Ol «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine we Hazar ekologiýa sammitine gatnaşar.

Öň habar berşimiz ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko hem eýýäm Türkmenistana geldi. Ol Russiýanyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edýär we Awazada geçiriljek halkara çärelere gatnaşar.

GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde liderler şu ýyl Arkalaşygyň döredilmeginiň 35 ýyllygynyň bellenilmegi bilen baglylykda agza döwletleriň özara hyzmatdaşlygynyň netijelerini jemlärler. Şeýle hem geljekki bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlärler hem-de möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşarlar.

Mejlisiň dowamynda hukuk goraýjy, medeni-ynsanperwer we maglumat ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şeýle hem GDA ýurtlarynyň daşary syýasat babatdaky utgaşykly hereketlerini berkitmäge gönükdirilen resminamalaryň kabul edilmegi meýilleşdirilýär.

Hazar ekologiýa sammitiniň çäklerinde Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň Prezidentleri Hazarýaka döwletleriniň daşky gurşawy goramak ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň amaly meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Hususan-da, Hazar deňziniň suwunyň çekilmeginiň öňüni almak we onuň biologik baýlyklaryny gorap saklamak boýunça çäreler maslahatlaşylar.

Türkmenistanda bolýan döwründe Wladimir Putiniň birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegi hem meýilleşdirilýär.

“Ata Watan Media” hem Awazada geçiriljek halkara çärelere gatnaşyp, möhüm wakalary we täzelikleri okyjylaryna gyzgyny bilen ýetirip durar.

Related posts

Azerbaýjanyň Aşgabatdaky ilçihanasy energetika boýunça maslahat geçirdi

Ata Watan Eserleri

«New Yorker» žurnaly onlaýn krosswordlary hödürleýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşýar