JEMGYÝET

Walentina Matwiýenko iş sapary bilen Türkmenistana geldi

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi “Telegram” kanaly habar berdi.
Şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde birnäçe iri halkara çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu çäreleriň jemleýji tapgyry GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti bolar. Ata Watan media hem maslahata gatnaşar.
Halkara çäreler 7-nji oktýabrda «Parahatçylygy üpjün etmekde we durnukly ösüşi gazanmakda zenanlaryň orny» atly halkara forum — Zenanlaryň dialogy bilen başlanar. Foruma Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko hem gatnaşar.
Şeýle hem Walentina Matwiýenko GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitleýin býurosy we Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan guralýan «Saglygy goraýyş hyzmatlary bilen ählumumy gurşaw we durnukly ösüş maksatlary» atly maslahatda çykyş eder.
Saparyň çäklerinde Walentina Matwiýenkonyň Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen duşuşygy hem meýilleşdirilýär.
Russiýanyň wekiliýetiniň düzümine Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Inna Swýatenko, Federasiýa Geňeşiniň ylym, bilim we medeniýet boýunça komitetiniň başlygy Liliýa Gumerowa hem-de Federasiýa Geňeşiniň halkara işler boýunça komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Wladimir Jabarow girýär.
“Awaza”milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara derejeli çärelere “Ata Watan Media” topary hem gatnaşýar.

Related posts

Aşgabat 2028-nji ýylda yslam dünýäsiniň medeni paýtagty bolup biler

Hormatly Prezidentimiz Şuşa şäherine baryp gördi

BMG-den täze baýramçylyk – Bütindünýä futbol güni döredildi