DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen «C5+1» formatyndaky ministrler derejesindäki duşuşyga gatnaşdy.

Duşuşyga ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio, Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow, Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew hem-de Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek, sebitara özara baglanyşygy berkitmek, şeýle hem durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin netijeli platforma hökmünde özüni görkezen «C5+1» formatynyň kemala gelmeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň taryhy ornuny aýratyn belledi.

Şeýle hem söwda gatnaşyklaryny giňeltmegiň, ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmegiň we üpjünçilik zynjyrlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar, şeýle hem strategik taýdan möhüm mineral serişdeler, energetika, sanlylaşdyrma we innowasiýalar ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplaryň uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge we gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny beýan edýän Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Related posts

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi

Arno ýene tagty eýeledi

vepa

Türkiýäniň esaslandyryjysy Atatürk ýatlanyldy