JEMGYÝET

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

2026-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Samarkant şäherinde «C5+1» formatyndaky daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin Özbegistana gelen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi.

Duşuşygyň başynda Raşid Meredow Özbegistanyň döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda özbek-türkmen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

Ähli derejelerdäki gatnaşyklaryň ýokary depgin bilen ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Ýakynda iki ýurduň arasynda özboluşly mehanizm – Strategik hyzmatdaşlyk boýunça Ýokary geňeş döredildi. Özara haryt dolanyşygynyň we ýük daşamalarynyň möçberleri yzygiderli artýar. «Şawat – Daşoguz» serhetýaka söwda zolagy üstünlikli hereket edýär.

Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary öz wagtynda durmuşa geçirmegiň, şeýle hem Türkmenistanyň şäherlerinde geçiriljek üçünji Sebitler forumyna we Özbegistanyň Medeniýet we kino günlerine düýpli taýýarlyk görmegiň möhümdigi nygtaldy.

Şeýle hem sebit derejesindäki özara hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Related posts

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Medeniýet ýylynyň çäginde konsert geçirildi

2019-njy ýylyñ iň girdejili filmleri

Ata Watan Eserleri

Lukaşenko: Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyrys