Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa ýurdumyza iş sapary bilen geldi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde myhman mähirli garşylandy.
Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewany Halkara howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa mähirli garşylady.

Saparyň çäklerinde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konserti guraldy. Konsert maksatnamasynyň dowamynda türkmen we azerbaýjan sazlary, şol sanda kinofilmler hem-de multfilmler üçin döredilen sazlar ýaňlandy. Bu ýerde “Disney” kompaniýasynyň döreden meşhur multfilmlerine ýazylan saz eserleri ussatlyk bilen ýerine ýetirildi.
Konsert türkmen-azerbaýjan medeni gatnaşyklarynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Şoňa görä-de, şeýle çäreleriň geljekde hem yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirildi.
Konsert maksatnamasyna girizilen çykyşlaryň arasynda halk äheňlerinden nusgawy sazlaryň hem bolmagy tomaşaçylarda örän uly täsirleri galdyrdy.
