DÜNÝÄ

Si Szinpin: hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns berýärin

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin hormatly Prezidentimize hat iberdi. Şol hatda HHR-iň Başlygy hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns berýändigini belläp geçipdir. 

Hytaýyň ýolbaşçysynyň hatynda hususan-da şeýle diýilýär:

– Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň 72 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

Hytaý hem-de Türkmenistan dostlukly ýurtlar we strategik hyzmatdaşlardyr. Şu ýylyň maýynda biz hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň dürli ugurlary boýunça telefon gepleşigini üstünlikli geçirdik hem-de pikir alyşdyk, esasy ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ylalaşyk gazandyk.

Men hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns berýärin hem-de Siziň bilen netijeli işe we dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýärin. Biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin bilelikde umumy tagallalary etmäge taýýardyryn.

16-njy oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Related posts

Hindistan 7 tapgyrly saýlawlara taýýarlanýar

Wladimir Putin Demirgazyk Koreýada saparda bolar

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäherinde “Taý­ça­nak” at­ly bi­na­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy

Ata Watan Eserleri