DÜNÝÄ

Wladimir Putin Demirgazyk Koreýada saparda bolar

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Koreýa Halk-Demokratik Respublikasynda döwlet saparynda bolar. Russiýanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Wladimir Putin Demirgazyk Koreýada 18-19-njy iýunda saparda bolar.

– Koreýa Halk-Demokratik Respublikasynyň Başlygy Kim Çen Ynyň çakylygy boýunça Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 18-19-njy iýunda döwlet saparynda bolar – diýlip, Kreml köşgüniň metbugat gullugynyň beýanatynda bellenilip geçilýär.

KHDR-iň ýolbaşçysy Kim Çen Yn 2023-nji ýylyň sentýabrynda Russiýada resmi saparda bolupdy. Kim Çen yn Russiýanyň Uzak Gündogar sebitinde saparda bolup, şol saparynda Putini hem özüne amatly wagtda sapar bilen barmaga çagyrypdy.

Wladimir Putin 2000-nji ýylyň iýulynda ilkinji we ýeke-täk gezek Phenýanda saparda bolupdy.

Şeýle hem Russiýanyň Prezidenti Demirgazyk Koreýa saparyny tamamlap, Wýetnam döwletine geçer. 19-20-nji iýunda Wladimir Putin Wýetnam Sosialistik Respublikasynda döwlet saparynda bolar.

Related posts

Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýany kabul etdi

Ýapon kompaniýasyndan Türkmenistana hyzmatdaşlyk teklipleri

Prezident saýlawlarynyň jemleri

Ata Watan Eserleri