2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, ilçi Wepa Hajiýew BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň «Aýallar, parahatçylyk we howpsuzlyk» mowzugyndaky açyk mejlisinde çykyş edip, zenanlaryň gapma-garşylyklaryň öňüni almak, araçylyk etmek we parahatçylygy berkitmek işlerine işjeň hem-de netijeli gatnaşmagynyň möhümdigini nygtady.
Türkmenistan zenanlaryň jemgyýetçilik we halkara işlerine gatnaşygyny giňeltmegi, öňüni alyş diplomatiýasyny hem-de sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegi esasy ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitledi. Bu çemeleşme 2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Awazada «Parahatçylygy gorap saklamakda we durnukly ösüşi gazanmakda zenanlaryň orny» atly mowzuk boýunça geçirilen Halkara zenanlar dialogynda hem öz beýanyny tapdy.
Bu başlangyçlaryň dowamy hökmünde Türkmenistan 2027-nji ýylyň mart aýynda Aşgabatda «6+2» formatynda ministrler derejesindäki duşuşygy geçirmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi. Şeýle hem Owganystanyň zenan wekillerini we sebitiň gatnaşýan ýurtlarynyň zenan wekillerini bir ýere jemlejek ilkinji dialogy guramak göz öňünde tutulýar.
