2026-njy ýylyň 30–31-nji oktýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde Türki döwletleriň guramasynyň 13-nji sammitiniň çäklerinde «Pikirlerden dialoga tarap — öňe!» diýen şygar astynda Türki dünýäsiniň dialog forumy geçirilýär. Bu halkara çäräniň işine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Kommunikasiýalar müdirligi tarapyndan guralan forum türki döwletleriň arasynda maglumat, kommunikasiýa, medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, umumy taryhy-medeni mirasy wagyz etmäge, şeýle hem tejribe alyşmak üçin täze mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir.
Abraýly halkara çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew «Türki dünýäde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we kommunikasiýalar» atly mejlise gatnaşyp, çykyş etdi.
Türkmenistanyň wekiliniň çykyşynda häzirki zaman maglumat giňişligini ösdürmäge, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň jemgyýetiň durmuşyndaky ornuna, türki halklaryň umumy medeni mirasyny wagyz etmäge, şeýle hem telewideniýe, radiogepleşikler, kinematografiýa we sanly kommunikasiýalar ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi.
Annasähet Kakaýew çykyşynyň başynda forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi üçin türk tarapyna hoşallyk bildirip, dostluk, doganlyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türki dünýäniň şeýle ähmiýetli dialog meýdançasyna ilkinji gezek gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.
Çykyşda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurtda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we milli medeni mirasy halkara derejede wagyz etmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwer başlangyçlarynyň halkara maglumat we medeni hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki möhüm ähmiýeti nygtaldy.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara ynanyşmak ýörelgeleriniň media we kommunikasiýalar ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň hem binýady bolmalydygy aýratyn bellenildi.
Panel ara alyp maslahatlaşmasynyň dowamynda Türkmenistanyň wekili türki döwletleriň arasyndaky maglumat hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen birnäçe başlangyçlary öňe sürdi.
Hususan-da, teleýaýlymlaryň we radiogepleşikler guramalarynyň, habarlar agentlikleriniň arasynda ygtybarly maglumat alyş-çalşygyny giňeltmek, şeýle hem umumy taryhy we medeni mirasy açyp görkezýän dokumental filmleri, teleýaýlym gepleşiklerini we döredijilik taslamalaryny bilelikde taýýarlamak teklip edildi.
Gatnaşyjylaryň ünsi sanly media giňişliginde hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ösdürmegiň, milli mazmunly maglumatlary häzirki zaman internet platformalaryna uýgunlaşdyrmagyň, maglumat howpsuzlygy we media sowatlylygy ugurlarynda tejribe alyşmagy işjeňleşdirmegiň zerurlygyna hem çekildi.
Annasähet Kakaýew emeli aň tehnologiýalarynyň media ulgamynda täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, şeýle tehnologiýalar ulanylanda maglumatlaryň ygtybarlylygyny üpjün etmegiň, awtorlyk hukuklaryny goramagyň we taryhy hakykatlaryň ýoýulmagyna ýol bermezligiň zerurdygyny nygtady.
Mundan başga-da, türki döwletleriň ýaş žurnalistleriniň, režissýorlarynyň, operatorlarynyň, redaktorlarynyň we sanly tehnologiýalar boýunça hünärmenleriniň arasynda hünär tejribesini alyşmagy giňeltmek, bilelikdäki okuw maslahatlaryny we ussatlyk sapaklaryny geçirmek, telewideniýe, radio we kino arhiwlerini sanlylaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek teklip edildi.
Türki halklaryň umumy taryhy we ruhy gymmatlyklary barada durup geçmek bilen, Türkmenistanyň wekili Gorkut atanyň, Göroglynyň we beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň mirasynda öz beýanyny tapan agzybirlik, dostluk we ynsanperwerlik taglymatlarynyň müdimi ähmiýetini nygtady.
Çykyşda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň diňe bir habarlary ýaýratmagyň guraly bolman, eýsem, halklary ýakynlaşdyrýan, medeni gatnaşyklary we özara ynanyşmagy berkidýän möhüm köpri bolmalydygy bellenildi.
«Ygtybarly maglumat ynamy döredýär, açyk dialog dostlugy berkidýär, medeniýet baradaky täsirli söz bolsa halklarymyzyň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda ruhy ýakynlygy kemala getirýär» diýip, A. Kakaýew belledi.
Türkmenistanyň wekili halkara duşuşyklarynda ara alnyp maslahatlaşylýan başlangyçlary anyk bilelikdäki taslamalara öwürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, türki döwletleriň degişli media düzümleriniň arasynda yzygiderli iş gatnaşyklaryny ýola goýmagyň we hyzmatdaşlygyň amaly mehanizmlerini ösdürmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.
Çykyşynyň ahyrynda Annasähet Kakaýew Türkmenistanyň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we umumy bähbitler ýörelgeleri esasynda türki döwletler bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we kommunikasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Ankarada geçirilýän Türki dünýäniň dialog forumy türki halklaryň arasyndaky dostlukly we doganlyk gatnaşyklary berkitmek, maglumat we medeni hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem umumy taryhy-medeni gymmatlyklary halkara giňişliginde wagyz etmek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.
