BILIM

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy kitap sergisini gurnaýar

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 24-nji iýulda (penşenbe güni), Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçiriljek amerikan–türkmen kitap ýarmarkasy barada hoşallyk bilen habar berýär. Bu ýarmarka kitap sergisi bilen bir hatarda “Spelling Bee” bäsleşigini, Ilçihananyň wekilleri bilen bilelikde guraljak kitap okalyş çäresini, şeýle-de döredijilik zolagyny öz içine alar. ABŞ-nyň Ilçihanasy habar beriş serişdelerini bu çaräni köpçülige ýetirmäge çagyrýar.  Ýarmarka giriş tölegsiz bolup, hemmeler üçin açykdyr.

GOŞMAÇA MAGLUMAT:

Senesi: Penşenbe, 24-nji iýul

Çäräniň açylyşy: 11:00

Geçiriljek ýeri:Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy

Related posts

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Halkara Sanaw :Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini goşmak

Ylymlaryň Doktory alymlyk derejesine dalaşgär hökmünde hasaba almagyň tertibi

Ata Watan Eserleri