JEMGYÝET

Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyl – “Ulag arabaglanyşygy ýyly” diýlip yglan edildi

2028-nji ýyl GDA-nyň çäklerinde Durmuş ösüşi we ýaşaýşyň hili ýyly, 2029-njy ýyl bolsa Ulag arabaglanyşygy ýyly diýlip yglan edildi.

Degişli karar “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde kabul edildi.

2028-nji ýyly Durmuş ösüşi we ýaşaýşyň hili ýyly diýip yglan etmek başlangyjy Gyrgyzystanyň Zähmet, durmuş üpjünçiligi we migrasiýa ministrligine degişlidir.

Bu başlangyjyň durmuşa geçirilmegi Arkalaşyga agza döwletleriň ilaty durmuş taýdan goldamak, zähmet bazarynda işjeň çäreleri ösdürmek, raýatlaryň hal-ýagdaýyny we ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak babatdaky hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

2028-nji ýylyň dowamynda durnukly durmuş ösüşine ýardam bermäge we ýaşaýşyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Olar zähmet we durmuş ulgamyndaky kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmegi, synag taslamalaryny durmuşa geçirmegi, ilaty durmuş taýdan goldamak boýunça öňdebaryjy tejribeleri ýaýratmagy, şeýle hem hukuk, durmuş-ykdysady we demografik syýasat meseleleri boýunça halkara forumlary we pikir alyşmak meýdançalaryny guramagy göz öňünde tutýar.

2029-njy ýyly GDA-nyň Ulag arabaglanyşygy ýyly diýip yglan etmek başlangyjy Türkmenistana degişlidir.

Bu karar Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan maksatlary we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmegiň logiki dowamy boldy.

Arkalaşygyň çäklerinde ulag arabaglanyşygy ulag infrastrukturasyny ösdürmegi, ulagyň dürli görnüşleriniň işini utgaşdyrmagy, pudagy sanlylaşdyrmagy we ýük hem-de ýolagçy gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Bu çäreler ykdysady integrasiýa, daşary söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we sebitiň durnukly ösüşine ýardam bermäge gönükdirilendir.

2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmegiň çäklerinde Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlygy we ulag arabaglanyşygyny ösdürmäge, şol sanda Arkalaşyga agza döwletleriň logistika we infrastruktura mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak üçin şertleri döretmäge aýratyn üns berýär.

Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna ulag arabaglanyşygyny ösdürmek, durnukly we elýeterli ulag hem-de üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça tagallalary birleşdirmek, şol sanda deňze göni çykalgasy bolmadyk döwletler üçin mümkinçilikleri giňeltmek, şeýle hem Hazar sebitinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek girýär.

Bu ugurlar durnukly ösüş boýunça ählumumy gün tertibine laýyk gelýär we Birleşen Milletler Guramasynyň 2026–2035-nji ýyllary Durnukly ulag boýunça onýyllyk diýip yglan etmek baradaky başlangyjy bilen baglanyşyklydyr.

Related posts

Katalin Nowakdan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

Yeni yılın ilk Bakanlar Kurulu: Orta Asya-Hindistan Diyaloğu hazırlıkları

vepa

“Pegasus”: Aýyň ahyrynda uçar gatnawlaryna başlarys

Ata Watan Eserleri