Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ykdysadyýete, energetika, infrastruktura, ýokary tehnologiýalara we adam kapitalyna aýratyn üns bermek bilen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) 2035-nji ýyla çenli ösüş strategiýasyny işläp düzmegi teklip etdi.
Ol bu teklibi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde öňe sürdi.
Tokaýewiň aýtmagyna görä, Arkalaşygy ösdürmegiň hereket edýän Konsepsiýasy 2007-nji ýylda tassyklanyldy we alty ýyl mundan ozal täzelendi. Emma soňra kabul edilen maksatnamalar we resminamalar köplenç özara utgaşdyrylmaýar.
«Şonuň üçin Ýerine ýetiriji komitete ýurtlarymyzyň hökümetleri bilen bilelikde GDA-nyň 2035-nji ýyla çenli ösüş strategiýasyny işläp düzmäge girişmegi teklip edýärin. Bu orta möhletli geljegi nazarlaýan meýilnamadyr. Döwletlerimiz üçin düýpli ähmiýete eýe bolan ileri tutulýan ugurlara — ykdysadyýete, energetika, infrastruktura, ýokary tehnologiýalara we adam kapitalyna ünsi jemlemek möhümdir» diýip, Tokaýew aýtdy.
Ol ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň we senagat-tehnologik hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegiň hem möhümdigini nygtady.
Onuň bellemegine görä, GDA ýurtlarynyň bazarlaryna Gazagystanyň daşary söwda dolanyşygynyň dörtden birinden gowragy düşýär. Geçen ýylyň netijeleri boýunça bu görkeziji takmynan 40 milliard ABŞ dollaryna deň boldy, şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda bolsa 10 göterim ýokarlandy.
Gazagystanyň Prezidenti GDA ýurtlarynyň alymlaryny, taryhçylaryny we bilermenlerini Alma-Ata Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 35 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatyna gatnaşmaga hem çagyrdy. Çäre noýabr aýynda Almaty şäherinde Gazagystanyň Strategik barlaglar institutynyň howandarlygynda geçiriler.
