BILIM

Ylymlaryň Doktory alymlyk derejesine dalaşgär hökmünde hasaba almagyň tertibi

Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgäriň ylymlaryň kandidaty
alymlyk derejesi bolmaly.
Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär ylmy işini doktorlyk dissertasiýasy görnüşinde taýýarlamak
üçin 4 ýyl möhlet bilen ýokary okuw
mekdebinde ýa-da ylmy edarada hasaba alynýar.
Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär ýokary okuw mekdebinde ýa-da ylmy edarada hasaba alynmagy üçin ýolbaşçynyň
adyna:
— ylymlaryň kandidaty diplomynyň
nusgasy goşulan arzasyny;
— dissertasiýanyň ugry boýunça
ylmy işleri alyp barýan ýokary okuw
mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň
Alymlar ge­ňeşiniň dissertasiýanyň
2/3 böleginiň taýýardygy baradaky
güwänamasyny.
— şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň we ylymlaryň kandidaty diplomynyň asyl nusgasyny dalaşgäriň
özi getirip görkezýär.

Related posts

Türkmen wekiliýeti Kataryň «Bilim şäherçesine» baryp gördi

Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

Ata Watan Eserleri

Harby-deňiz instituty okuwa çagyrýar

Leave a Comment