JEMGYÝET

Awazada Hazar ekologiýa sammiti geçirildi

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar ekologiýa sammiti geçirildi. Oňa Hazarýaka döwletleriň Baştutanlary – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem-de Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin gatnaşdy.

Sammitde Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky ýyllaryň dowamynda Hazarýaka ýurtlary tarapyndan giňişleýin şertnama-hukuk binýady döredildi.

2018-nji ýylda gol çekilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň taryhy ähmiýeti nygtaldy.  Resminama Hazarýaka bäş döwletiň köp ýyllaryň dowamynda alyp baran bilelikdäki işiniň netijesinde kabul edilendigi bellenildi.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna beren interwýusy

Hindistanyň tans topary Aşgabatda çykyş edýär

Koreýanyň öňdebaryjy neşiri Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky gazanan üstünliklerini beýan etdi