ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Orazguly Annaýew: zamananyň çeper söz senediniň ussady 

Ynsan we jemgyýetçilik durmuşynyň köptaraply häsiýetlerini, durmuş ýörelgelerini çeper keşpler, dürli usullar, tärler arkaly   çuňňur, duýguly dünýäler, täzeçil garaýyşlar  bilen  beýan etmekde, suratlandyrmakda  sungatyň iň ýörgünli, iň  giň ýaýran, iň gyzykly we iň meşhur görnüşi edebiýaty öwreniş  ylmy  hasap edilýär. Edebiýatyň taryhy-halkyň baýlygy, onuň kämilligi milletiň döredijilik gujurynyň  şöhratly beýany. Edebiýatyň ösüşine, onuň aýratynlyklaryna we  çeper gurşawlaryndaky täze başlagyçlara  baha berlende halypalaryň  döwürleýin  üstünliklerine köp ýüzlenilýär.   XX asyryň ikinji ýarymynynyň 70-nji ýyllary türkmen edebiýatynda edebi-çeperçilik tejribeleri  arkaly aýratyn tapawutlanan Nobatguly Rejepow, Halyl Kulyýew, Mämmet Seýidow, Gurbannazar Ezizow, Italmaz Nuryýew, Gowşutgeldi Daňatarow, Atajan Taganow, Atamyrat Atabaýew, Allaberdi Haýydow, Sona Ýazowa, Gözel Şagulyýewa, Döwletgeldi Annamyradow, Akmyrat Muhadow, Annaberdi Agabaýew, Kömek Kulyýew,  Akmyrat  Rejepow, Ýylgaý Durdyýew, Gara Seýitliýew, Kasym Nurbatow, Öwezdurdy  Nepesow, Ogultäç Oraztaganowa, Gurbanýaz Daşgynow, Abdyreşit Taşow.. ýaly edebi  ösüşleriň basgançaklarynda şöhratly ädim ätlän,  poeziýanyň gülälekli sähralaryna erkana gadam basyp  söz mülküniň müşki-anbarynyň    alyslara ýaramagyna badalga beren, sebitlerde döredijilik tejribeleri  ussatlyga, şöhratly häsiýetlere öwrülen    ýazyjy-şahyrlaryň  birnäçesiniň adyny  şatlyk bilen buşlady. Bu tapgyra degişli bolan  toparynyň  hataryna ýazyjy  Orazguly Annaýewiň adyny hem buýsanç bilen goşmak bolar.

Uzak  ýyllaryň  dowamynda taplanan edebi hyzmatdaşlygyň meňzeş we umumy ýakynlyklaryny, ugurlaryny, sözleýiş ahlagyny, duýgular gözelligini we  köptaraply döredijilik tagallaryny, çemeleşmelerini wasp etmekde halypanyň eserlerine okamaga, çykyşlaryny diňlemäge  bolan islegler  halk arasynda köp duş gelýär  Häzirki zaman türkmen edebiýatynyň lälezar  meýdanynda ussat galamgärleriň, tanymal ýazyjylaryň, meşhur terjimeçileriň we görnükli kyssaçylaryň biri hökmünde ykrar edilýän Orazguly Annaýew  ,,Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda’’bu günki gün ýetmiş bäş ýaşy arka atdy. Bagtyýarlyk döwrüniň edebi galkynyşlaryna uly goşant goşýan halypanyň ussatlygy,  sagdyn jemgyýetçilik pikirleri, çözgütleri, halky we döwürleýin edebiýatyň zamanabap  rowaçlanmagy ugrundaky hyzmatlary, tagallalary   hakynda söhbet dessesi köpleriň arasynda söýgi, mertebeli alkyşlar  bilen beýan edilýär. Döwrümiziň parlak edebi ýyldyzlarynyň biri hasap edilýän Orazguly Annaýewiň durmuş hem-de edebi  ykbaly bilen tanyşanyňda nusgalyk hünär, zehin, şahyrana oýlap tapyjylyk   we zähmet joşgunyndan kemal tapan  pursatlaryň  köpdügi kalbyňy gubarlandyryp  ýeňişli sepgitlere ýetmäge bolan täze  ymtylyşlara hyjuw berýän ussatlyk sapaklarynyň köplere mekdep bolup hyzmat edýändigi aýratyn buýsandyrýar. Halypanyň ady   edebiýat  meýdanynda we metbugat sahypalarynda ýarym asyrdan gowrak döwürden  bäri  sarpalanyp, ezizlenilip,  mübäreklenip gelýär. Perwana hyýallara şahyrana-çeper  pikirler bilen  joşgunly ylham berýän, küýsedýän gözelliklere gaýta-gaýta teşnelik döredýän  zamanamyzyň edebi   ussady   özüni  ýurdumyzda 2000-2011-nji ýyllar aralygynda  döwürleýin taryhy-jemgyýetçilik gymmatlyklaryň mazmunyny, ýörelgelerini we milli öwüşginlerini giňden açyp görkezmekde öňdebaryjy  galamgäriň biri hökmünde tanatdy we bu ugurda  häzirki günlerde hem köpleriň hoşallygyna mynasyp bolmagy başarýar. Terjimeçi hökmünde hem halypa ýazyja uly hormat goýulýar. Onuň  XX asyryň   aýaklarynda belli gazak ýazyjysy,  gazak edebiýatynyň görnükli wekili, magtymgulyşynas, XX asyryň gazak  edebiýatynda parahatçylygy gorap saklamakda  milli mekdebi döreden  Oljas Süleýmenowyň   ,,Zemin, ynsana baş eg!’’, ermeni şahyry, XX asyr  ermeni poeziýasynyň iň uly wekili, terjimeçilik sungatynyň kerwenbaşysy Karlen Muradýan Geworg Eminiň ,,Goşgular’’,   çeh ýazyjysy, dramaturgy, harby žurnalisti, degişmeli kyssalaryň, esseleriň  ussady Aleksandr Şandor  Fridrih  Rozenfeld  Radonyň  ,,Dora lakamyna duwlanyp’’,  dünýä edebiýatynda iň köp eser döreden we eserleri dürli dillere  terjime edilen  beýik ýazyjylaryň biri hasap edilýän, syýahatçy,  daniýa edebiýatynda çagalara bagyşlanyp döredilen proza eserleriniň düýbüni tutujy Gans Hristian Anderseniň ,,Ertekiler’’ atly kitaplarynyň  türkmen diline  terjime eden nusgalary  gyzyklylygy, şireliligi, many goýazlygynyň çeperligi,  özüneçekijiligi, halklaryň milli ruhlaryna golaý röwüşde berip bilmek ussatlygynyň jemlenmegi  kalbyňa şatlyk duýgularyny çaýýýar.

Şahyryň dürli ýyllarda döreden poeziýa eserlerinde, liriki setirlerinde  durmuş hakykatyny çeper şöhlelendirmekde  ruhlandyryjylyk, terbiýeleýjilik we öwredijilik häsiýetli gymmatlyklar, duýgular äleminiň gözellikleri, nepes edilen nepislikler, seslenmeler we täzelikler   milli ruhda köptaraply çeperçilik usullary, tärleri arkaly beýan edilmegi   bilen aýratyn tapawutlanýar. Ýazyjynyň  döredijilik gazanynda gaýnan proza eserlerinde ilkinjileriň hatarynda   watany söýmek, köptaraply zähmet  çekmek, halal ýaşamak, ynsap, durnukly ahlak  medeniýeti we hünär edebi, ynam, ygrar, agzybirlik, pähimli pikirlenmek, akyl hereketlerini beýan ediji dürdäneleri erjellik bilen öwrenmek, olary asylly endige öwürmäge ymtylmak  ýaly  mowzuklar dürli çeperçilik akymlaryň süýji, dury bulaklary,  edebi keşpleriň häsiýet ugurlary arkaly  giňden  çeper  dabaralandyrylýar. Ussadyň eserleriniň kompozision gurluşy halky häsiýetdäki, stilistik öwüşginleri täsirli we ötgürli meňzetmeler bilen şöhlelendirilýändigi,  çeper wakalaryň ynandyryjylygy, ýazuw sözleýişiniň kämilligi,  žanr görnüşlere baýlygy,  gahrymanlarynyň hereketleriniň  köplügi, işjeňligi, diliniň sadalagy, tematik ýaýrawynyň giňligi, mazmun hiliniň täzeçilligi, labyzlylygy, hadysalary bolup geçýän wagty boýunça yzgiderli  görkezmekde epizotlaryň ýatda galyjylygy  ýaly   alamatlar bilen  özüne çekýär. XXI  asyr türkmen milli  dramaturgiýasynyň ösmeginde  Orazguly Annaýewiň hyzmatlary uludyr. Onuň  ,,Şapak’’, ,,Halas ediň!’’, ,,Gabanjaň gelin’’ atly pýesalary Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda  birnäçe ýyldan bäri  sahnalaşdyrylyp  tomaşaçylara görkezilip gelinmeginiň  özi hem ussadyň halypalyk mekdebiniň  uludygyny aýdyň dabaralandyrýar. Halypanyň çeperçilik ussahanasynda timarlanan, taraşlanan dürli ýyllarda dürli neşirýatlarda dürli dillerde çap edilen  ,,Synag’’,  ,,Dymyşlyk pursaty’’,  ,,Girdap’’, ,,Bagtymyň gözbaşy’’, ,,Öz-özüm bilen ikiçäk’’,  ,,Ertire çenli’’, ,,Gijigen söýgi’’,  ,,Atamyň nesihatlary’’, ,,Kerwensaraý’’,  ,,Ýaşlar zarpçy gurluşyklarynda’’,   ,,Испытание’’,  ,,Добрый день’’,  ,,Отпечаток сердца’’, ,,Žaksy kün’’, ,,Звезды земли’’ atly   kitaplary  müňlerçe okyjylar  tarapyndan  gyzgyn garşylandy. Ýazyjynyň ,,Miras” romanynda oba durmuşy, gözelligi,  zähmet adamsynyň berdaşly gollaryndan kemal tapýan gymmatlyklaryň,  ,,Girdap’’ powestinde zenan mertebesini, gözelligini, ahlagyny, söýgüsini  gorap saklamak, ezizlemek  baradaky  ykballara  söýündiriji  melhem berýän duýgularyň,  ,,Toprak”, ,, Dilber”,   ,,Suwuň tagamy”, ,,Kesele kesel” ýaly hekaýalarynda watanyň her daban ýeriniň  mukaddesligi, bedew atlaryň  ýyndam, wepaly, syrdaş häsiýetleri, her damjasy altyna deňelýän suwuň gymmaty,  tygşytlylygy, mertebesi, ynsanperwerlik, dertlä  hemaýat bermek, ony goldamak   hakyndaky wakalaryň giňden, ynanadyryjylykly, täsin, gyzykly çeper çözgütleriň, öwrümleriň  üsti bilen  suratlandyrylmagy ähli döwürler üçin ähmiýetlidir.

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň belleniljek şanly toýy barha golaýlap gelýär. Akyldar Magtymguly Pyragynyň medeni gymmatlyklarymyzda  orun alan edebi keşbi  ýaşlarda ruhybelentlige, ylhama, netijesi  ýokary pikirlenme ukyplary bilen sazlaşýan döredijilik başarnyklaryna imrindirýär.  Milli edebiýatymyzda soňky ýüz ýylda dana atamyz Magtymguly Pyragynyň edebi keşbiniň proza žanrynda işlenilişi boýunça köpsanly gymmatlyklar, tejribeler, keşpler ulgamynyň altyn halkasy kemala geldi we toplanyldy  Bu ugurda  B Kerbabaýewiň, B Seýtäkowyň,  G Kulyýew, T Taganow, Ö Nepesow, N Baýramow, G Gurbansähedow, O Ýagmyrow, S Annasähedow, N Saryhanow, T Jumageldiýew, Ý Mämediýew, P Skosyrýew  ýaly ussatlar  has-da öňe saýlandylar. Bu meseledäki  sanawyň tapgyrynda Orazguly Annaýewiň adyny hem buýsanç bilen agzamak bolar. Ýazyjynyň  ,,Jydalyk jebri’’  powestinde halky hossar edinen Magtymguly Pyragynyň ýaşynyň, ömrüniň  belli bir döwründäki   zehin üşügini, düşbüligini, halk durmuşynyň taryhy pursatlaryny  açyp görkezýän,  çeper şahsyýetini giňden suratlandyrýan şahyrana  pursatlar, ykbal we ömür kyssalaryndaky täze çeperçilik çözgütleri okyjynyň  duýgularyny  has-da  hyjuwlandyrýar. Eserde şygyr senedini hökümdarlykdan ýokarda goýan Magtymgulynyň zergärçilik ussahanasynyň, syýahatçylyk saparlarynyň,  günüň wagt aralyklaryny aňladýan menzilleriň, milli egin-eşikleriň, halk dessurlarynyň,  Döwletmämmet Azadynyň, Gökleň serdaryň, Öwezberdi şyhyň, Meňliniň, Hojam aganyň, Oraz onbegi, Nedir şanyň . . . . .   keşbini,  jebisligiň güýjini, söýginiň, enäniň, watanyň  mukaddesligini, maşgala abadançylygyny, milletiň asudalyga azatlyga, erkinlige bolan ymtylyşyny, halklaryň dostlugyny, gahrymanlaryň gepleşik diline, lezzet beriji  tebygatyň  dürli künjeklerine  mahsus häsiýetleri  beýan edişi  örän tolgundyryjylygy, ýatda galyjylygy, akgynlylygy  bilen tapawutlanýar. Döwrüň sesine ýürek sesini goşup bilýän zehinli söz ussadynyň  häzirki zaman türkmen edebiýatynda durmuş  lirikasynyň  örüsini giňeltmekde,  milli däp-dessurlarymyzyň çeper edebiýatdaky  nusgalaryny,  kyssa we poeziýa eserleriniň ussatlyk tejribelerini, halypalaryň terjimehallary we döredijiligi, metbugat hem sanly žurnalistikanyň aýratynlyklary, žanrlary, olardan baş çykarmagyň ýollary, edebi-döredijilik şahsyýetleriň, terjimeçileriň nusgalyk, göreldeli  ömürleri,  durmuşy baradaky ýatlamalary, esseleri wagyz etmekde uly işleri alyp barýan ýazyjy  Orazguly Annaýewiň hyzmatlarynyň ykrar ediliş derejesini dürli dillerde dürli ýyllarda dürli sebitlerde neşir edilen ýygyndylaryň onlarçasynda  hem görmek bolýar. Şahyryň poeziýasynda oba durmuşynyň, tebygat peýzažynyň, watan, ene, çörek,  söz mukaddesliginiň sarpasy has belentden heýjana salýan  duýguly mukamlar  bilen ýaňlanýar.   Halypanyň dürli ýyllarda edebi ösüşleriň, taryhy-jemgyýetçilik durmuşyň, milli medeniýetiň hazynalary we  dünýäniň çeperçilik  gymmatlyklary, türkmen  halkynyň täze medeni mirasynyny öwrenmek, täze nusgalaryny   döretmek, geçmişiň ýazuwly  ýadygärliklerini gaýtadan dikeltmek, aýawly saklamak, ösdürmek we peýdalanmak çygryndaky jemgyýetçilik gatnaşyklary barada ýazan makalalaryň ýüzden gowragy okuw jaýlarynda ylmy gollanmalar hökmünde giňden peýdalanylýar.   Perwana hyýallary hyjuwlandyryp köňül atlaryny deň gopduryp,  hemmeleiň söýgüsini gazanan ýazyjy  berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurtda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalary, gazanylýan uly üstünlikleri,  medeniýet, sungat we döredijilik  ugurlarynda täze, döwrebap eserleri döretmekde  bitiren hyzmatlary, eziz Diýarymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän taryhy özgertmeleri, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, milli gymmatlyklarymyzy, watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerimizi   ösdürmäge  goşan goşandy üçin 2010-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň  ,,Türkmeniň Altyn asyry’’  atly  bäsleşiginiň ýeňijisi  diýilip yglan edildi. Garaşsyzlyk taglymaty şahyryň ykbalyna täze sahypa, şöhratly ýeňişler, islegleriň we gyzyklanmalaryň mertebeli, hormatly, şowly ,,işiklerini’   açdy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda,  medeniýet we beýleki pudaklaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanylýan üstünlikleri  çeper wasp etmekdäki alyp baran köptaraply, önjeýli döwlet,  umumyhalk bähbitli  we jemgyýetçilik  işleri hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we göreldeli zähmeti nazara alnyp hökümetimiz tarapyndan   halypa 2012-nji ýylda ,,Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti’’, 2013-nji ýylda ,,Türkmenistanyň halk ýazyjysy’’,  Türkmenistanyň ,,Hormatly il ýaşulysy” diýen hormatly atlar dakyldy, 2014-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň ,,Magtymguly Pyragy’’ medalyna  mynasyp boldy, Maksim Gorkiý, Nikolaý Ostrowskiý adyndaky halkara edebi baýraklary bilen hem sylaglandy.  Edebi girdabyň muşakgatlaryny gerdeninde merdemsi göterip ýören ussadymyz dürli ýyllarda  Russiýa Federasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Birleşen Arap Emirlikleri, Hindistan Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Ermenistan Respublikasy ýaly onlarça ýurtlarda  syýahat saparlarynda bolmagy onuň döredijilik ukyplarynyň artmagyna, gözýetiminiň giňelmegine, dünýägaraýşynyň baýlaşmagyna  uly badalga berdi.
,,Altyn asyr:Türkmenistan’’ teleýaýlymynda ýaýlyma berilýän  «Bagtyýarlyk ylhamy» atly telegepleşigiň her sanynda  eserleri küýsedýän gözelligi teşnelik bilen  gadyrly gandyrýan Orazguly Annaýewiň türkmen edebiýatyny dünýä ýüzüne giňden wagyz etmekde we ýaşlara milli edebiýatyň syrly, gözel, jadyly senedi barada berýän ussatlyk sapaklary, halypa-şägirtlik öwütleri il içinden täze, zehinli,  ýaş nowjuwan nesillleriň täze tapgyrynyň kemala gelmeginde  uly ähmiýeti bar diýsek  hakykatdan daş duşdügimiz bolmaz.   Edebi sähralarda ýarym asyrdan gowrak döwrüň içinde ýaşy üç asyry gäden Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şöhratly ykbalyna, Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman   Serdarymyza,  Türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Aziýanyň merjen şäheri Aşgabat, yklymyň kalby  Arkadag şäherine, watan mertebesine, milli baýlyklara, yşky älemlere  we halky kyssalara   degişli täze çeperçilik çözgütleri, terjime sungatyny we köpsanly şygyrýet bossanynyň desselerini döretmek başlangyjynyň sanawynda ilkinji ornunyň mertebeli basgançagy  zamananyň çeper söz senediniň ussady,   döwrümiziň parlak edebi ýyldyzy Orazguly Annaýewiň ady bilen berk baglanyşyklydyr. Halypanyň ýarym asyra golaý mundan ozal edebi ýazgylarynda  öňdengörüjilik bilen bellän  ,,….. Her sözüň güýji  ýüzlerçe gylyjyň güýjünden gudratlydyr. Ganat germek üçin  göterilen göwün gerek. Bir gün bir gerçek dörär, uly ile baş bolar. Halk arzuwyna amal eder’’ – diýen sözleri bu günki gün durmuş hakykaryna öwrüldi. Berkarar döwletimizň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň. Milli Liderimiziň  parasatly ýolbaşçylygynda watanymyzda abadançylyk, rowaçlyk höküm sürýär.  Hyzmatyň  halk tarapyndan söýülse,  alkyşlansa we ykrar edilse her bir galamgär, döredijilik we zähmet adamsy üçin  uly mertebe,  bagt.  Şu üstünligiň täze tapgyrlarynyň halypanyň geljekki ykbalyna hem ýaran bolmagyny arzuw edýäris!

              Dädebaý  Pälwanow,

Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri