ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Röwşen Hallyýew: ýüreklerde aýdym-sazlaryň galdy

Dogrusy etrabymyz bir bolsa-da, aýdymçy Röwşen Hallyýew hakynda öň içgin gyzyklanmamsoň üýtgeşik bilýän zadym ýokdy. Ol 1993-nji ýylda geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde ýeňiji bolupdy. Şonda «Özge gerekmez» halk aýdymy hem-de şahyr agam Amangeldi Amanowyň sözlerine «Türkmen Diýarym» atly aýdymy aýdypdy. Ol şonda halk aýdymam diýseň gowy aýtdy, ýöne:

«Garaşsyz döwletim Berkarar boldy,

Döwletiňe guwan, türkmen Diýarym!

Kanunyň goýnunda ygtyýar aldy,

Kanunyňa guwan, türkmen Diýarym!» diýip, başlaýan buýsançly aýdymy bilen hakydamda galdy. Soň onuň aýdan bu aýdymy has ýörgünli boldy. Her ýyl «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi geçirilende şol aýdym bilen başlanýardy.

«Pyragyň heýkeldir, daglaryň erkin,

Gurýan metjidiňe hyrydar her kim,

Dutar sazy ýaly dabaraň görküň,

Dutaryňa guwan, türkmen Diýarym!

Bedewlerňe guwan, türkmen Diýarym!» diýip, manyly sözleri bilen sazy juda jüpüne düşen aýdym Röwşen Hallyýewiň labzy süýji owazy bilen ýüreklerden orun aldy. Häzirki wagtda ol aýdymyň sazyny döreden halypa Gurban Orazmämmedowyň ogly, «Gökdepäm» aýdymyny has gowy görüp diňleýän ýaş aýdymçym Annaberdi Orazmämmedowam aýdýar, ýöne barybir «Röwşen Hallyň aýdymy» diýeniňi duýman galýaň. Sebäbi Röwşen Hallyýew şol aýdymy ilkinji bolup ýerine ýetirende diňleýjileň ýüregine girip bildi. Şonuň üçinem ol şol aýdymyň eýesi boldy.

Bu aýdymyň döreýşi hakynda gürrüň bermegini haýyş edip ýakynda Gurban Orazmämmedow bilen jaňlaşamyzda ol:

— Röwşen Hallyýew toý aýdymçysydy. 1989-1990-njy ýyllarda özi ýaly sazanda ýigitlerden düzülen aýdym-saz toparyny döretdi. Oglum Raj onuň sazandasy boldy. Men bolsa medeniýet öýüň ýolbaşçysydym. Bir gün baýramçylyk mynasybetli guralmaly medeni çäreleriň taýýarlyk görlüşinden habar almak üçin Gyzylarbadyň demir ýol klubyna bardym. Işgär oglanlar başagaý bolup bir goşgyny gaýtalap okap durlar. Goşgy göwnüme ýarady. Onsoň: «Şol goşgynyň sözlerini maňa-da ýazyp berseňizläň!» diýdim. Derrew göçürip getirdiler. Goşgyny okadygymça kalbyma joşgun gelip heňi döredi. Hiňlenip gördüm goşgy bilen sazlaşyp aýdym boldy. Şol aýdymam Röwşen Hallyýew ýerine ýetirip, «Ýaňlan,  Diýarym!» telebäsleşiginde ýeňiji boldy. Şondan soň Röwşen has adygyp gitdi. Men öň «Görogly» şa dessanyndan zehinli aýdymçy Hallymämmet Sopyýewiň aýdan «Daglara» aýdymynyň sazyny ýazypdym. Röwşeniňem, Hally janyňam aýdym aýdyşy göwnüme ýaransoň olara hormatym uly. Röwşen şadyýan oglandy. Ýekeje adam: «Röwşen göwnüme degdi» diýer öýdemok — diýip baha berdi. Onuň adamkärçiliginiň gowudygy hakynda öňem kän kişiden eşitdim. Zehini babatda-da muşdaklary oňa uly hormat goýýardylar.

Bir gün jigilerimiň biri obadan jaň etdi. Obadaşlaň biri toý edýär eken. «Hökman gelgin, toýda Röwşen Hallyň ýolundan aýdýan şägirdi Wepa Geldiýew aýdym aýdýar» diýip, mahabatlandyryp toýa çagyrdy. Çagalarymyň kiçiräk wagtlarydy. Güzeranym bilen kän bir aýdym diňlemäge-de elim degmänsoň, Wepa Geldiýewiň aýdymlaryny entek diňläp görmändim.

Aslynda ilkinji ädimleriňde haýsy ugur bolanda-da ugrukdyran adamy halypa hasap edilýär, ýöne Wepa Geldiýewe «halypasynyň ýolundan aýdýan şägirdi» diýdi welin, öz ýanymdan Röwşen Hallyň beýleki estrada aýdymçylardan aýratynlygy nähilikä?» diýip pikir etdim.

Uzak wagt geçmändi. Redaksiýanyň tabşyrygy bilen halypa aýdymçy Toýguly Jepbarow hakynda makala ýazmaly boldum. Şonda bu barada Toýguly agadan soradym. Ol: «Röwşen Hallyýew damana ýolundan özüne täze ýol açdy» diýip, milli bagşyçylyk sungatymyzyň damana ýolundan dutarda aýdylan aýdymlary Röwşen Hallyýewiň ilkinji bolup esrada-da ýerine ýetirendigini düşündirdi. Şeýlelik bilen Röwşen Hallyýewiň hakykatdanam «ýol goýan halypa»  diýilmäge mynasypdygyna göz ýetirdim. «Ol barada gowuja maglumat toplap bilsem bir gün-ä makala ýazaryn» diýip, Türkmenistanyň halk artisti Mähri Annageldiýewa pikirimi aýtdym.

— «Röwşenler bilen goňşurak ýaşadyk. Toýlarda moda bolan aýdymçydy. Halk gowy gördi, söz ýok. Röwşen özüni söýdürip bilen aýdymçy, diňledip bildi. Öz ilimiziň bagşysy. Ol ýazylmaga-da ýatlanmaga-da mynasyp. Onuň bilen bile toýda aýdan ýazgymyzam bar eken. Haçan, haýsy toýda aýdym aýdanymyzam ýadymda däl» diýip ýatlady.

Röwşen Hallyýewi ýüzbe-ýüz görmesemem, soň men onuň aýdym ýazgylaryny diňledim. Mähriniň aýdyşy ýaly ol hakykatdanam aýdymlaryny diňledip bilen aýdymçy. Arhiw ýazgylaryny synlaňda-da göz ýetirip bolýar. Bir toýda märeke takyr ýerde oturyp diňläp otyr, ýene bir toýda uly mähelle aýak üstünde durup onuň aýdýan aýdymlaryny deň gaýtalap aýdyp dur.

Röwşeniň «Aýbibi», «Mežnun eýledi», «Iller hany?», «Şat eýle», «Ak ýüzli Maralym» we başga-da sanardan kän aýdymlary bar, ýöne men onuň «Yzlarym galdy» atly aýdymyny has gowy gördüm. Häzirem şeýle. Haýsy ýaşda bolsaňam tolgundyrýan aýdym. Ýüregiňi yzarlap barýar.

Arada şu hakda özara gürrüňdeşlikde söz açanymyzda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň ýokary derejeli artisti Tahyr Mämmedow:

— Kiçiräkkäm bir gün jygyldyk bazara gitdim. Bazarda aýlanyp ýördüm. Birden:

«Gül halyň dünýäde meşhurdan meşhur,

Bir tarapyň Hazar, bir ýanyň Jeýhun,

Misserýanda gülläp açylsa zeýtun,

Kanalyňa guwan, türkmen Diýarym!» diýip, aýdym sesi eşidildi. Diňşirgenip durdum. Aýdymçynyň sesi şeýle bir ýarady, duran ýerimden gidesim gelmedi. Töweregime seretdim. Aýdym-saz ýazgylary satylýan ýer eken. Ahyry şol aýdymçynyň aýdym ýazgylaryny satyn aldym. Özüm 1990-njy ýylda doglan. O mahallar Röwşen Hallyň kimdiginem bilemokdym. Öýe gelip satyn alan aýdym ýazgymy diňläp otyrdym. Enem:

— Röwşen Hallyň aýdymyny diňleýäňmi, oglum?» diýdi. Ene, sen ol aýdymçyny nireden bilýäň? — diýdim. Olar bilen garyndaşdygymyzy aýtdy. Enem Amanjahan ejäniň ejesi Bike daýza bilen Röwşen Hallyň ejesi Nargül daýza dogan eken. Nargül daýza-da halk lukmançylygy bilen meşgullanyp «Nargül tebip» ady bilen tanalýan daýza.

— «Sygan» lakamly meşhur bagşy Orazgeldi Ylýasowyň  ýaraman ýören mahaly bir gün ony Nargül tebibiň ýanyna eltýärler. Şonda baranda Röwşen Hally kiçijik çaga. Sallançakda ýatan ýerinde aglapdyr welin, Sygan bagşy: «Şu çagaň agysynda ýakymly, täsin owaz bar. Erte il-güne ýaraýan bagşy bolup ýetişer» diýipdir. Hemem «Tüf-tüf» diýip yrym edip oňa ak pata beripdir — diýip enem gürrüň berdi. Soň men onuň aýdym ýazgylaryny çöpläp ýygnadym — diýdi-de, artist bolansoň joşgun bilen:

«Sen aýdym aýdaňda bakyp zemine,

Aýrar ýüreklerde bar bolsa kine,

Kime Pyragy sen, kime Kemine,

Röwşen Hally aýdymlarňa gurban men» diýip, toýlarda aýdylan goşgyny ýatdan aýdyp gürrüňini dowam etdi:

— Bir gün Bäherden etrabynyň Döwgala obasyna toýa gitdim. Röwşen neresse-hä aýatda ýok, toýda onuň ikinji ogly Döwletgeldi — biz oňa Daýanç diýýäs şol aýdym aýtdy. Şonda: «Halkyň öňüne çykyp aýdym aýtmak ýeňil iş däl» diýip, ejesi Aýna gelneje birbada Daýanjyň toýda aýdym aýtmagyna göwnemedi. Onda-da toý eýesi halys haýyş edip duransoň, ahyry razylyk berdi. Şeýlelik bilen Daýanç şol toýda ilkinji gezek çykyş etdi — diýip gürrüň berdi.

Tahyr jan, Röwşen Hallyýew hakynda başga gyzykly ýatlamalar bileňokmy? — diýdim.

— Ýaňky gürrüň beren toýumyzyň eýesi, Döwgala obasynda ýaşaýan garyndaşymyz Muhammetberdi Mergenowyň telefon belgisini bereýin. Ol kän toýda alyp baryjy bolupdyr. Şol kän zatlar gürrüň berip biler, ýöne men saňa Röwşen Hallyň doglan gününiň 50 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan dokumental filmiň ýazgysyny sowgat bereýin. Köp maglumat öwrenersiň — diýdi. Onsoň ilki Muhammetberdi aga bilen jaňlaşyp gürrüňdeş bolduk. Ol:

—  Röwşen Hallyň öýleri bilen 1970-nji ýyldan bäri gatnaşýas. Şonuň üçin Röwşeniň çagalyk wagty bilenem bagly ýatlamalar ýadymda. Olaryň maşgalasy bilen gatnaşmagymyzyň öz sebäbi bar. Öýlenemde Aşgabatly gyz bilen durmuş gurduk. Maşgalamyň öýleri Röwşen Hallylar bilen gatnaşýan eken. O mahallar gyzlar durmuşa çykyp, gaýtarma bolup atasy öýünden gaýdyp gelende öý goşlarynyň arasynda magnitafon getirerdiler. Meniňem gelnim gaýdyp gelende magnitafon getirdi. Magnitafonuň kasetalarynyň birinde gyz tarapyň toý ýazgysy bardy. Şol toýda Röwşeniň çaga wagty töwir galdyryp oturan sesini hemem ejesiniň gutlag aýdan sözlerini ýazgy edilipdir.

Röwşen Nargül daýza bilen Täçguly aga perzentlik berlendi. Men gören mahalym Täçguly aganyň gözleri görenokdy, ýöne onuň:

«Bidöwleti baga salma,

Gül bakjaňa har getirer» diýip, atly bagşy bolmasa-da ýanamada aýdym aýdan ýazgysy bar. Kän ulanylmansoň ýazgy zaýalanypdyr. Aýtjak bolýanym Nargül daýza-da, Täçguly aga-da aýdym-saza hormat goýýan sungat söýer adamlar bolansoň, Röwşen ýaşlykdan sungatyň içinde terbiýelenýär.

Röwşen 1985-nji ýylyň 29-njy iýunynda öýlendi. Toýunda beýemçi boldum. Şonda toýuň birinji gününde Türkmenistanyň halk artisti Pälwan Hamydowyň agasy Amanmuhammet Hamydow dutarda aýdym aýtdy. Özüm bagşynyň ýanynda oturyp toýuň alyp baryjysy boldum. Ertesi gün toýda estrada aýdymçylar aýtdyryldy. Meretgeldi, Hangeldi iki dogan aýdymçy Mämmetnyýazowlar bardy. Esasy «Metike» lakamy bilen tanalýan Meretgeldi Mämmetnyýazow aýdym aýtdy. Men mirasy öwreniji hökmünde 30 ýyllap sazanda Şamyrat Gurbannepesowyň döredijiligini öwrendim. Ol barada kän makalalar ýazyp metbugatda çykyş etdim. Meretgeldi Mämmetnyýazow Şamyrat Gurbannepesowyň jan ýaly ýegeni. Şonda gürrüňdeşlikde «Röwşen eýýäm 1984-nji ýylda uly toýlary sowup ýördi» diýip gürrüň berdiler. Elbetde, toýda çykyş etmek üçinem şert gerek. Röwşeniň şo mahallar toýda çykyş etmek üçin ähli gerekli apparaturalary özünde jemlenendigini aýtdylar. «Bu eýýäm ýetişen eken-ä» diýdim. Soň Röwşen ogul öýeremde geldi, men olar üýşmeleň etse barýardym.

Bir gezek Garagan obasyna toýa gitdim. Toýa Aşgabatdan kän aýdymçylar bardy. Türkmenistanyň halk artisti Atabaý Çarygulyýewiň toýa baranyny eşidip salamlaşmaga bardym. Neresse şeýle bir adamkärçiligi gowy ýigit eken. Soň onuň bilen üç-dört toýda gabat geldik. Şol toýa Atabaý bagşyny bajam eltipdir. Röwşen Hallynyň ýogalanyna kän wagt geçmändi. Şo mahallar Atabaý bagşynyň özem ýarawsyzrakdy.Toýda onuň bir diýen sözi häzirem ýadymda. Ol: «Röwşeniň dünýeden gaýtdy habaryny eşidemde bir golum sogrulan ýaly boldy» diýdi.

Röwşen Bäherdene toýa kän gelerdi. Adamkärçiligi gaty beýik ýigitdi. Ol Atabaýa «halypa» diýýärdi. Maňa «Muhammet daýy» diýerdi. Neresse uly bilen uly ýaly, kiçi bilen kiçi ýaly gürleşerdi. Bir günem toýa tutmak üçin gürleşmäge öýlerine bardym. Bellenen sähedimizde ol Akdepeli biriniň toýunda aýtmaly eken. «Daýy, kyn görme başga toýy boýun alaýdym, ýogsa möhümiňi bitirerdim» diýip ötünç sorady. Gaýdyşyn öýmüze çenli bagşylaň ulagynda alyp gaýtdy. Toýam bile gabat gelip bilýär.

Men olaryň öýlerine kän barardym. Öýleriniň diwarynda bagşy Orazgeldi Ylýasowyň bagana telpekli portret suraty bardy. Çagaka ak pata beren halypasy bolansoň, ol barada gürrüň bererdi. Röwşen döwlet derejesindäki hormatly atlara mynasypdy. Onuň şeýle uly sylaglary alyp bilmän dünýeden gidenine gaty gynanýan.

Häzir Röwşeniň ady dakylan agtygy 10-njy synpy gutaryp barýandyr. Olam aýdym aýdýar. Mende aýdym ýazgylary bar. Röwşeniň ikinji oglunyň gelni maşgalamyň körpe jigisiniň gyzy. Ady Aýna, Röwşeniň öz maşgalasynyň ady bilen atdaş bolansoň, «uly Aýna, kiçi Aýna» diýýäs. Röwşeniň üç ogly bir gyzy bar. Uly ogly Täçguly aganyň ady dakylan, gyzyna Nargül daýzanyň ady dakylan. Arada gyzjagazyny durmuşa çykardylar. Birki ýyllykda ogul öýeremizde Röwşeniň körpe ogly Rüstem Hally aýdym aýtdy — diýip gürrüň berdi.

Halypa mirasgäre sag bolsun aýdyp, gürrüňdeşligimizden soň Tahyryň Röwşen Hally hakynda sowgat beren filminiň wideo ýazgysyny gördüm. Gyzylarbat şäherinde ýaşan Begmyrat Şiriýewiň hemem Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Gahryman Annaýewiň ýygnan şahsy arhiwinden taýýarlanan dokumental film 2016-njy ýylda taýýarlanypdyr. Filmde Röwşen neressäniň gubur daşyndaky owadan suratynyň aşagynda:

«HALLYÝEW Röwşen, 8.XI. 1966. — 22. IX.2002. Ataýew Çaryýar dostundan» diýen ýazgy goýlupdyr.

Hasaplap görsem Röwşen neresse bary-ýogy 36 ýaşapdyr gaty gynandym, ýöne ol barada maglumat toplap film taýýarlanandygyna welin çynym bilen begendim. Hakykatdanam köp maglumat bar eken.  Neressäň özi elektro dutar çalyp:

«Halk içine düşdi nebis atly kesel,

Hakyna jür bolan merdan galmady» diýip, Magtymguly atamyzyň sözlerine «Zaman galmady» diýip aýdym aýdýan pursady bar. Eli ýüwrük sazanda eken. Ýene bir ýerde başga saz gural çalyp aýdym aýdýar. Özi saz gurallaň köpüsinden başy çykansoň, sazandalaryndan talapkärdigi bildirýär. Çala büdrese gözi bilen düşündirip dur. Şägirdi Wepa Geldiýewiň toýunda Röwşen Hallyýewiň Atabaý bagşy bilen bile aýdym aýdan ýazgysy bar. Şol pursady synlap durkam Atabaý bagşynyň jigisi Bägüliň bir aýdan gürrüňi ýadyma düşdi. Ol: «Atabaý  kimiň sungaty beýik bolsa onuň sungatynyň janköýeridi. Senetkär senetkäriň ussatlygyna sarpa goýsa, olaň şol häsiýeti ganyndanmy, howadanmy bilmedim nesline geçýän eken. Atabaýyň ogly bilen Röwşen Hallyň ogly kakalarynyň dostlugyny dowam edýärler. Ruhy garyndaş ýaly bolýar. Häzir onuň ogly Rüstem Hallyýew damana ýolunyň aýdymlaryny aýdýar, ýöne Atabaýyň aýdan aýdymlarynam hormat goýup ýerine ýetirýär» diýdi.

Filmiň üsti bilen Röwşen Hallyýewiň terjimehaly bilenem tanyşdym. Ol ilki 1974-nji ýylda Gyzylarbat şäherindäki 26-njy orta mekdepde, soň şäher sazçylyk mekdebiniň akkordeon bölüminde okaýar. 1980-nji ýylda Gyzylarbat şäherindäki Aýtguly Geldiýewiň adyny göterýän 1-nji orta mekdepde okuwyny dowam edýär. Şol ýerde aýdym-saz mugallymy Garaja Serbazowdan aýdym-sazyň inçe syrlaryny öwrenýär. 1984-nji ýylda-da orta mekdebi tamamlaýar.

Röwşen neressäniň maşgala agzalarynyň, özüniň dost-ýarlary bilen düşen arhiw suratlaryny synladym. Ol hakda bile işleşen kärdeşleriniň, ilkinji halypasy Garaja Serbazowyň ýatlamalary biri-birinden täsirli. «Mary ýolundan aýdylan «Tabşyrdym» halk aýdymy meşhur bagşy Sahy aganyň aýdyş hasabyndan üýtgetmän ilkinji bolup etrada-da aýdan Röwşen Hallyýew» diýen maglumat hasam oýlandyrdy.

Şu makalany taýýarlaýarkam halypa mugallym, şahyr Şyhmustafa Hudaýberdiýew bilenem jaňlaşdyk. Ol:

— Röwşeniň ejesi Nargül tebip kakamyň aýal dogany. Röwşeniň özi «Gidrotehnikumy» gutardy. Ol agam Allaberdilere has kän gelerdi. Käte biziň öýümize-de gelýärdi. Bir gezek gelende oňa goşgular toplumymy berdim. «Aýdym döretsin» diýibem bermedim, ýöne ol «Göwherim» hemem «Galar» atly goşgularyma özi saz ýazyp aýdym döretdi. Ol aýdymlary ýörgünli boldy. Ýaş aýdymçylar häzirem aýdýarlar. Röwşen zehinlidi, burnuna salyp hiňlenip aýdym aýdyp bilýärdi. Toýlarda aýdym aýtsa barýardym. Bäherden etrabynda kän toýlara çagyrylýardy. Iki-üç toýda çykyş edende gatnaşdym. Ol aýdym aýtsa Bäherdeniň deň ýary toýa gelerdi.  Röwşen neresse maňa : «Daýy aýdyma gabat gelýän goşgy ýazsana» diýerdi. Allaýar Çüriňki ýaly ýazan goşgym aýdym bolup duranok. Oňa öz başarnygyň bolmaly. Onda-da neresse ýogalaýmanka: «Aýdyşyk goşgy ýazsana» diýip haýyş etdi. Ýazyp bilmedim — diýip gürrüň berdi.

Hawa, gysga ömründe miras galdyran ajaýyp aýdymlary ýaly Röwşen Hallyýewiň özi hakynda galdyran ýatlamalary-da sanardan kän. Olary bir makalada ýerleşdirmek mümkin däl. Şonuň üçin şahyryň:

«Ajal ir apardy ýigdiň ýagşysyn,

Öwülýaň ýolunda tozlaryň galdy.

Daňlar atar boldy Röwşen bagşysyz,

Gökde perwaz uran gazlaryň galdy.

Bagşydyň sen il içinde söýülen

Toýsuz aýdymlaryň galar serimde,

Amangeldi şahyr göreçlerimde,

Nurly ýüzüň umman gözleriň galdy» diýen şu goşgy setirleri bilen makalamy jemlemegi makul bildim.

Akgül Saparowa

 

Ýene-de okaň

Rejepguly Kerimow: sungatyň hakyky eýesi

Nurmuhammet Meredow :«Aýdymlarym bilen ýaşaryn»

Oguldurdy Mämmetgulyýewa :aýdyma meňzeş ýatlamalar

Ata Ilamanow: aýdym–sazly ömür

Ata Watan Eserleri

Myrat Nyýazow: gülki meýdanynyň pälwany

Gurbannazar Ezizow: şahyrdan dörän şahsyýet

Ata Watan Eserleri