SIZDEN GELENLER

Ýurdumyzda çölleşmäge garşy geçirilýän çäreleriň oňyn netijeleri we ähmiýeti

Daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, aýratynam ýer we suw baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak, ýurduň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak Türkmenistanyň ekologiýa baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

1995-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1994-nji ýylyň 17-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmäge garşy göreş konwensiýasynyň kabul edilmeginiň güni mynasybetli  17-nji iýuny – Çölleşmäge we gurakçylyga garşy göreşmegiň Bütindünýä güni diýip yglan etdi. Konwensiýa döwletlere çölleşmek we gurakçylyk günleri bilen baglanyşykly çäreleri çölleşmäge we gurakçylygyň netijelerine garşy göreşmek üçin halkara hyzmatdaşlygyň zerurdygyna, şeýle hem Çölleşmäge garşy göreş konwensiýasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmekde öňe gidişlige bagyşlamagy nygtaýar. Çölleşmek, daşky gurşawyň zaýalanmagy bilen baglanyşykly iň wajyp meseleleriň biridir.

Garaşsyz Türkmenistan, ekologik meselelere aýratyn üns berip, häzirki hem geljekki nesilleriň bähbidi üçin ekologik howpsuzlygy gazanmagy maksat edinip, Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmäge garşy göreş Konwensiýasyny ilkinji ýurtlaryň biri bolup 1996-njy ýylda ykrar etdi we eýýäm bir ýyldan soň Çölleşmäge garşy göreş hereketleriniň milli maksatnamasyny ýerine ýetirmäge girişdi.

Konwensiýanyň maksady zaýalanan ýerleri dikeltmek, ýer we suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, öri meýdanlary gowulandyrmak, tokaýlary gorap saklamak we dikeltmek, süýşýän çageleri berkitmek we tokaýlaşdyrmak, tebigaty goramaga degişli kanunlary kadalaşdyrmak, ekologik bilimi we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdir.

Häzirki wagtda Türkmenistanda şorlaşan ýerleri dikeltmegiň we suwaryş desgalarynyň ulanylyşyny gowulandyrmagyň maksatnamasy esasynda ýurdumyzda suwarymly ýerleri zeýkeş ulgamy bilen üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar. Çölleşmäge garşy göreş hereketleriniň milli maksatnamasynyň wezipeleri ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmek, ekologiki howpsyzlygy gazanmak we tebigy baýlyklary gorap saklamak boýunça esasy milli maksatnamalar bilen göniden göni baglanyşyklydyr.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurulýan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygy çölleşmäge garşy göreş çäreleriniň aýdyň mysalydyr. Bu ägirt uly taslamanyň maksady aşakdakylardan ybaratdyr: 1) suwarymly ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak; 2) çöl öri meýdanlaryny suw basmagynyň we olaryň zaýalanmagynyň öňüni almak; 3) az şorlaşan zeýkeş suwlaryň hasabyna suw baýlyklarynyň gorlaryny döretmek; 4) zeýkeş suwlary peýdalanmak arkaly ätiýaçlyk ot-iýmleri öndürmek; 5) ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak; 6) zeýkeş suwlary Amyderýa akdyrmazlyk.

Çölleşmäge garşy çäreleri amala aşyrmakda Türkmenistan halkara guramalaryň birnäçesi bilen ýagny BMG-niň Çölleşmäge garşy göreş Konwensiýanyň Müdirýeti we Global Mechanism guramasy, BMG-niň Ösüş we Daşky gurşaw maksatnamalary, Germaniýanyň Tehniki hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GTZ), Aziýa ösüş banky we beýleki halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar.

“Çölleşme” adalgasy önümçilikli çöllük meýdanlary häsiýetlendirmeýär. Ol tebigy we antropogen ýagdaýlar sebäpli derde ýaramaýan hojalyk işlerinde peýdalanylan ýerler babatda ulanylýar. Şu jähtden çölleşmäge garşy göreş zaýalanan ýerleri dikeltmegi, sürümli ýerleri hasyl berýän derejä ýetirmegi, tebigy örüleri hojalyk dolanşygyna gaýtadan goşmagy, suwly-batgalyk ekoulgamy guratlamagy göz öňünde tutýar.

Ýurdumyzda Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty (ÇÖHDMI) çölleri öwrenmekde we özleşdirmekde Merkezi Aziýa sebitinde öňdebaryjy ylmy edaradyr. Institutda ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak başlangyçlaryny goldamak, halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça ylmy-amaly işler ýerine ýetirilýär. Institutyň işläp taýýarlaýan maslahatlarynyň aglaba bölegi göçýän gum depelerine ösümlikleri ekmäge, çölüň jülge etek ýerlerinde tokaýlary kemala getirmäge, öri meýdanlarynyň batgalyga öwrülmeginiň öňüni almaga we olaryň iýmliligini ýokarlandyrmaga degişlidir.

 

                                                        Merjen GURBANNAZAROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş

kafedrasynyň uly mugallymy

«Maşa we aýy» multfilminiň muşdaklary üçin täzelik

 

 

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty