SIZDEN GELENLER

Ýüpekçilikde gyzgalaňly möwsüm

Oba ho­ja­ly­gy­nyň pi­le­çi­lik bi­len meş­gul bol­ýan pu­da­gy düýp­gö­ter tä­ze döw­re ga­dam bas­dy. Dok­ma se­na­ga­ty pu­da­gy üçin gym­mat­ly çig mal bo­lan pi­le ön­dür­mek işi döw­re­bap de­re­je­de ös­dü­ril­ýär. Her ýyl ýur­du­my­zyň ýü­pek­çi­le­ri ýü­pek gur­çu­gy­nyň pi­le­si­ni taý­ýar­la­mak ba­ra­da­ky şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler.

Ýur­du­myz­da dür­li oba ho­ja­lyk önüm­le­ri bi­len bir ha­tar­da, hu­su­san-da, pi­lä­niň sa­tyn al­nyş nyr­hy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy daý­han­la­ry has-da ru­hu­be­lent­lik bi­len zäh­met çek­mä­ge ruhlandyrýar. Bu hem oba zäh­met­keş­le­ri­niň ýü­pek­çi­lik bi­len meş­gul­lan­ma­ga gy­zyk­lan­ma­syny art­dyrýar.

Pi­le ön­dür­mek dok­ma se­na­ga­ty üçin örän gym­mat­ly­dyr. Gu­ra­dy­lan pi­le­ler fab­rik­le­r­de gaý­ta­dan iş­le­nip, çig ýü­pek ön­dü­ril­ýär. Pi­le­den ýü­pe­giň çyk­ma­gy 30-35 gö­te­ri­me ba­ra­bar­dyr. Ýü­pek ke­lep­leý­ji fab­rik­ler­de ön­dü­ril­ýän çig ýü­pek fab­rik­le­ri­ň çig mal go­ry bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz­da ýü­pek­çi­lik ga­dy­my se­net­le­riň bi­ri­dir. Dur­muş­da ýü­pek bi­len bag­la­ny­şyk­ly meň­zet­me­ler hem az däl.

My­sal üçin, “Ýü­pek bi­len ýü­ňi gar­ma”, “Gü­lüň gun­ça­sy ýag­şy, ýü­pe­giň-in­çe­si” di­ýen aýt­gy­lar bar. Ýü­pek dok­ma­çy­ly­gy­nyň hal­ky­my­zyň ga­dy­my se­net­le­ri­niň bi­ri bo­lan­dy­gy­na dür­li ta­ry­hy çeş­me­ler, ýur­du­myz­da uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da al­nyp ba­r­lan ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri şa­ýat­lyk ed­ýär. Ýü­pek ha­kyn­da halk dö­re­di­ji­li­gin­de hem duş ge­lin­ýär. Ýü­pek ma­ta we on­dan beý­le­ki önüm­le­ri ön­dür­me­giň, aý­ra­ty­nam ne­pis ha­ly do­ka­ma­gyň syr­la­ry asyr­lar­bo­ýy ne­sil­den–nes­le ge­çip ge­lip­dir.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleriniň alnyp barylýar, Balkan welaýatynda ýüpek gurçuklarynyň ýokary hilli tohumlarynyň taýýarlanyp, paýlanylýar. Sebitiň howa şertleri nazara alnyp, Daşoguz welaýatynda ýüpek gurçugynyň ideg işlerine 26-njy aprelde girişiler.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyz boýunça 2300 tonna çig pile öndürmek baradaky wezipe ýurdumyzyň ýüpekçileriniň öňünde belent borç bolup durýar. Halkymyz bu pudagy üstünlikli alyp barmak bilen, baý tejribe toplady. Ata-baba ýörelgesini dowam etdirip, ýüpekçilerimiz pileden diňe bir ýüpek matalary, halylary dokamak bilen çäklenmän, onlarça görnüşli önümleri öndürmegi hem ýola goýdular.

Ýüpek gurçugynyň iýmiti bolan tut ýapraklary ýeterlik. Her ýylda tut nahallarynyň ýüz müňlerçe düýbi oturdylýar. Tut agaçlary welaýatyň tokaý hojalygy kärhanasynyň nahalhanasynda her ýylda köpçülikleýin ýetişdirilip, olar öz wagtynda etraplara ugradylýar. Ine, şeýle aladalar bolsa şu ýyl welaýatda çig piläniň ýeterlik möçberiniň öndürilmegini üpjün eder.

Soňky ýyllarda tut nahallaryny Garagum derýasynyň kenarlaryna ekmek işi-de ýola goýuldy. Her ýyl ýurdumyzda geçirilýän ählihalk bag ekişligi döwründe tut nahallary täze özleşdirilýän ýerleriň gyra-çetine, atyzlaryň aralaryna hem ekilýär. Munuň özi tomusky epgegi sowmakda hem gowy netije berýär.

Türkmen halkynyň iň gadymy senetleriniň biri bolan ýüpekçilik öz gözbaşyny taryhyň irki döwürlerinden alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz müňlerçe ýyl mundan ozal ýüpek süýümlerinden dürli matalary öndürmek üçin pile önümçiligini ýola goýupdyrlar, bu ugurda ýokary ussatlyga we kämillige ýetipdirler. Ýüpekçilik işiniň milli däpleri asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip, nesilden-nesle geçirilipdir. Ýüpekden ajaýyp halylarydyr matalary dokamagyň ygtybarly usullary döredilip, biziň günlerimize ýetirilipdir.

Nurgözel Ýazyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ mugallymy.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/ahalteke-bedewleri-barada/

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty