MEDENIÝET

Ýuliý Sezaryň ulanan atyrlary döredildi

Parfýumeriýa medeniýeti we syýahatçylyk birleşiginiň hünärmenleri meşhur Rim generaly, syýasatçysy we ýazyjysu Ýuliý Sezaryň ulanan atyryny täzeden döretdiler. Olaryň düzümi arheologiki tapyndylara we taryhy çeşmelere esaslanyp döredildi.

Atyrlaryň düzüminde gadymy döwürde uly isleg bildirilýän iris we dag bägül gülleri bar. Bu maddalary tapmak kyn bolansoň, gymmatdy. Şeýle hem atyrlaryň arasynda narpyz, gül, limon, bergamot, lawanda, kedr, paçuli we ambra ýaly hoşboý ysly ösümliklerden ýasalan parfýumeriýa önümleri bar.

Alymlar Gadymy Rimde atyrlaryň we kosmetik serişdeleriň aşa meşhur bolandygyny belleýärler. Syýasatçylar, generallar, ruhanylar we  baý adamlar dünýäniň dürli ýurtlaryndan atyrlar getirdipdirler ýa-da parfýumerlerden aýratyn görnüşlerini sargyt edipdirler.

Hünärmenleriň bellemegine görä, halk köpçüligi Sezaryň ulanýan atyrlaryna uly gyzyklanma bildiripdirler

Alymlar häzirki zaman bahalarynda şu görnüşli atyry taýýarlamak üçin çykdajylaryň 6 müň dollara ýetip biljekdigini aýdýarlar.

Related posts

Ýurdumyzyň teatrlarynyň hepdelik repertuarlary: 25-26-njy mart aralygy

Teýlor Swift Maýkl Jeksonyň rekordyny täzeledi

“Dutaryň owazy” Gazagystanda baýraga mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri