MEDENIÝET

Türkiýäniň meşhur aktýory aradan çykdy

Türkiýäniň seriallaryny tomaşa edýänleriň ýakyndan tanaýan aktýory, sungat işgäri Kemal Kuruçaý aradan çykdy. Ol Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýays bolan TRT-de görkezilýän “Seksenler” serialynda çykyş edýärdi.

“Seksenler” teleserialynda Seýfiniň keşbini ýerine ýetiren aktýor Kemal Kuruçaý 59 ýaşynda aradan çykdy.

Serialyň surata düşürilýän meýdançasynda ýarawsyzlanan sungat işgäri gyssagly hassahana ýerleşdirilipdir.  zerarly hassahana ýerleşdirilen aktýoryň aradan çykandygy mälim edildi.

1962-nji ýylyň 10-njy iýunynda Ankarada dünýä inen Kemal Kuruçaý, Ankara Müjdat Gezen sungat merkeziniň mugallymlaryndan we esaslandyryjylaryndan biri. Ol Türkiýäniň teatr sungatynyň ökde hem-de halypalaryndna biri hasaplanýar. Türkiýäniň teleseriallarynyň köp sanlysynda surata düşdi.

Onuň hususan-da, “Seksenler” hem-de “Garyp oglan, baý gyz” atly teleseriallardaky keşbi köp sanly teletomaşaçylaryň kalbynda baky galar. Şol seriallardaky degişme äheňli obrazlary oňa has-da meşhurlyk getirdi.

Birnäçe aý mundan ozal bolsa, “Seksenler” teleserialynda çykyş edýän türk teatrynyň hem-de kino dünýäsiniň ýene-de bir ägirdi Rasim Öztekin hem aradan çykypdy.

 

Aral milli maksatnamasy tassyklandy

 

Ýene-de okaň

Konkur boýunça gyzgalaňly ýaryş geçirildi

Türkmenistanda TÜRKSOY-yň Molla Nasreddin filminiň surata düşüriliş işleri geçirildi

Aşgabatda Weli Muhadowa bagyşlanan opera konserti we TÜRKSOÝ-yň opera günleri geçiriler

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi