Häzirki wagtda dünýä hojalygynda BMG-niň ýöriteleşen, sebitleýin, hökümet we hökümete degişli däl ykdysady guramalary dünýä ykdysadyýetiniň ösüşinde aýratyn ähmiýete eýedir.
BMG-niň ýöriteleşdirilen halkara ykdysady edaralaryna Senagat taýdan ösüş boýunça guramasy (iňlisçe UN Industrial Development Organization – UNIDO), Azyk we oba hojalyk guramasy (iňlisçe Food and Agricultural Organization), Bütindünýä intellektual eýeçiik guramasy (iňlisçe World Intellektual Property Organization – WIPO), Halkara zähmet guramasy (iňlisçe International Labour Organization – ILO), Bütindünýä bank topary (iňlisçe World Bank Group) degişlidir. Bu guramalar barada gysgaça belläp geçsek, onda:
BMG-niň senagat ösüşi boýunça guramasy (ÝUNIDO) 1966-njy ýylda senagat taýdan ösen we ösüp gelýän ýurtlaryň arasynda özara gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen döredilýär. Bu gurama 1985-nji ýylda BMG-niň ýöriteleşdirilen guramasy diýen derejesi berilýär. Häzirki wagtda 180-e golaý döwlet bu guramanyň agzasydyr. Ýokary edarasy bolup baş konferensiýa çykyş edýär. Guramanyň ýerleşýän ýeri Awstriýanyň Wena şäheridir.
BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) Azyk we oba hojalyk guramasy 1945-nji ýylda döredilip, BMG-niň ýöriteleşdirilen guramasy bolup çykyş edýär. Onuň işiniň esasy ugry bolup agrar sebitlerde oba, tokaý, balyk hojalyklaryny ösdürmekden ybaratdyr. Ýerleşýän ýeri Italiýanyň Rim şäheridir.
Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy (IEBG) JEBG-niň taryhy gözbaşyny senagat eýeçiligini goramak boýunça 1883-nji ýylda geçirilen Pariž konwensiýasyndan, edebiýat we senagat eserlerini goramak boýunça 1886-njy Bern Konwensiýasynyň halkara hukuk resminamalaryndan alyp gaýdýar. 1893-nji ýylda býurolar birleşdirilip «intellektual eýeçiligi goramak boýunça milletleriň birleşen Býurosy» diýip atlandyrylýar. Emma 1967-nji ýylda geçirilen Stokgolm konwensiýasynyň esasynda 1970-nji ýylda «Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy» diýip täze at berilýär. Soňra 1974-nji ýyldan başlap BMG-niň ýöriteleşdirilen guramasynyň hataryna goşulýar. Ol Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ýerleşýär.
Halkara zähmet guramasy (HZG) 1919-njy ýylda sosial we zähmet gatnaşyklaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Wersal şertnamasy baglanyşyldy. Bu şertnamanyň ýörelgeleri we meseleleri 1944-nji ýylda Filadelfiýa deklarasiýasynda täzeden seredilýär. 1946-njy ýylda BMG-niň ýöriteleşdirilen guramasyna öwrülýär. Ýerleşýän ýeri Şweýsariýanyň Ženewa şäheri.
Şeýle hem ýöriteleşdirilen halkara ykdysady guramalaryň düzümine iri sebitleýin banklar girýärler. Sebäbi banklar halkara maliýe ulgamyny sazlamakda ähmiýetli orun eýeleýärler. Bu banklaryň aýratynlygy oňa gatnaşýan döwletleriň ösen döwletler bolup, olaryň hem şol sebitde ýerleşýänligidir. Hökümete degişli däl halkara guramalarynyň toparyna telekeçiler birleşikleri we professional assosiasiýalar degişlidir. Olaryň birinjisi telekeçiligi, ikinjisi bir kärdäki zähmetkeşleri hukuk taýdan goramak bilen meşgullanýarlar.
Sülgün Nepesowa
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.