SIZDEN GELENLER

Ýogurt – peýdaly iýmit

Dünýäde iň meşhur fermentlenen süýt önümi bolan we ähli aşhanalar üçin zerur bolan ýogurt, ýokumly düzümi bilen birinji orunda durýar. Ýogurtyň ylmy taýdan subut edilen peýdalary hem bar.

Internet materiallaryna görä, ýogurtyň saglyga peýdalary takmynan 1920-nji ýyllardan bäri ylmy taýdan seljerilýär. 1920-nji ýyllarda çagalaryň içege kesellerini bejermek üçin dermanhanalarda satylandygy bellenilýär. Şondan bäri onuň peýdalary barada başga-da köp ylmy seljermeler geçirildi.

Ýogurt az ýagly iýmit bolup, öndürmek üçin ulanylýan süýdüň ýaglylygyna baglylykda ortaça 0 – 4 göterim ýag bolýar (doly ýagly, ýarym ýagly ýa-da ýagsyz). Laktoza, süýt şekeri ýogurtdaky ýeke-täk şekerdir. Miweli ýogurtlaryň düzüminde azyndan 5 göterim miwe bar. Miweli ýogurtlaryň ortaça şeker mukdary 12 gr / 100gr.

Ýogurtda dürli minerallar hem bar. 100 gram ýogurdyň düzüminde 146 mg kalsiý, 99,8 mg fosfor, 11,6 mg magniý, 182 mg kaliý, 55,5 mg natriý, 0,1 mg demir, 0,5 mg sink we 18,7 mkg ýod bar.

Bir tabak ýogurt 140-180 mg kalsiý berýär. Şonuň üçin ol kalsiý çeşmesi hasaplanýar. Umuman, ýogurt we süýt önümlerindäki kalsiý has gowy siňdirilýän häsiýetlere eýe. Çagalarda we ýetginjeklerde süňkleriň berkemegi üçin kalsiý zerurdyr.

Ýogurtda B witaminiň ähli görnüşleri bardyr. Ýogurtlar adatça, horlanmak üçin hem giňden ulanylýan iýmitdir.

Oguljemal  Muhammetmyradowa, TOHU-nyñ talyby.

 

Şugundyryň kesel bejerijilik häsiýetleri

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika