TESWIRLER

Ynsan jigeriniň gül-gunçasy

Arada guşlyk mahaly köçeden geçip barýarkam, şatlykly dabara gabat geldim. Aýal-erkek, oglan-uşak barçasynyň gülküleri dumly-duşa ýaň berýärdi. Aýdym-saz ýaňlanýardy, küşt depilýärdi, surata düşülýärdi. Mähelläniň üýşen ýeri şäher bäbekhanasydy. Şatlanýarlar dünýä inen bäbeklerini bäbekhanadan toý-tomaşa gurap çykarmaga gelen ata-eneler, dost-ýarlar, goňşy-golamlar eken. Şeýle bäbek dabaralarynyň yzy, ylahym, üzülmesin! Goý, ol ýerde, her ojaga nesip etsin! Ozal-a Beýik Allanyň, galyberse-de, eli ýeňil lukmanlaryň şepagaty, yhlasy esasynda hamyla gelin balasyny bagryna bassyn! Häzirki zamanda çagalara we enelere döwlet derejesinde edilýän ýardamy, aladany aýdyp-diýip gutarar ýaly däl. Tüweleme, ýaman gözden, ýaman dilden saklasyn! Bu ajaýyplyk-hormatly Prezidentimiziň çagalar baradaky atalyk aladasynyň netijesi. Arkama-arka öten ýedi puşdumyz-a diýmäýin, şu güniň gojalary bolan bizem şeýle sapaly çagalygy hyýalymyza getirip bilmändik. Bizden has öňräkler çarwa obalarynda ýekeje hem lukman bolman, tebiplerden haraý gözläpdirler. Ikigat zenanlar Beýik Biribara sygnyp, bäbäge öz ojaklarynda garaşypdyrlar. Bäbek kyn gyssag görkezmän, dünýä inäýs-ä ne ýagşy, ýogsa-da hossarlary gapy-gapy aýlanyp, bilgiçdir ökde gäbegene agtarmalydy…

Hawa, dünýä inen bäbegi deslap şerebede, yz ýanyndan bolsa içine kümüş atylan tasda ýa legene suwa düşürerdiler, kümüş mikroorganizmleri zyýansyzlandyrýar, ötenlerimiz şuny bilipdirler. Ata-baba dowam edýän ygtykada görä, bäbegiň gulagyna azan owazy eşitdirilerdi. Sallançagam tärimlere daňlan tanaplaryň arasyndaky haýy giden, kümşillän kilimdir. Ol ýyllarda çagany häzirki ýaly galapyn elde saklap, ele öwrenişdirmän, sallançakdan çykarmajak bolýardylar. Kimiň çagasy bilen bälçireşip, begenşip oturasy gelmeýär?! Arman, ol eneleriň ýaşaýyş-durmuş aladalary başlaryndan agdykdy, ýetişibilenokdylar. Çaga dümewlese, oňa derman berilmezdi, sanjym-da edilmezdi. Maňlaýyna, gursagyna, aýaklaryň aşagyna basym-basymdan sowujak öl mata ýapardylar. Bu bejergi 2-3 gün dowam etdirilende, çaganyň başda ýüzjagazy, soňra tutuş bedeni burçak-burçak derläp, egin-eşikleri sykybermeli bolardy. Şondan soňra ene-ata uludan dem alyp, jany aram tapardy. Diýmek, deriň geldigi çaganyň bäri bakdygydy, dümewiň yzyna garaman gaçdygydy. Eneleriň çagalary dümewlände, gan ýylysyndaky gora suwa düşürip, soňra mäkäm dolap, haýyr tapyp ýörenlerem az däldi. Tomsuň epgekli yssylarynda, tok bilen işledilýän sowadyjy enjamsyz gününi gara öýde geçiräýmek çaga-ha däl, ulular üçin hem aňrybaş görgüdi. Emma mähriban käbelerimiz munuňam alajyny tapyp, çagalaryny yssydan, her dürli bela-beterlerden gorap saklapdyrlar. Irden, yssy düşmänkä, çagany suwa düşürip, onki süňňüni şemalladardylar. Synasynyň yssydan ýanaýjak ýerlerine mal ýagdyr ýanan çigit ýagyny çalýardylar.

Aldym-berdimli gyşam çaga ideginde uly synag. Ýöne eneler çaga terbiýesinde sowukdan heder etmezdiler. Nähili aýaz, apy-tupan bolsa bolubersin, gara öýde, ojagyň başynda çagalaryny suwa düşürerdiler. Şonda çaga üşäp, titrese-de, myzaýyk etmän howlukman geýindirerdiler. Hatda olar arlyk çalşyranlarynda, «Çaga üşejeg-ow» diýip awmezdiler, darykmazdylar. Beýle dözümligiň, gürrüňi ýok, çaganyň geljekde sowuga, diňe oňa däl, köp zada, köp kynçylyklara çydamly bolmagyna hemaýaty bardyr.

Ýaşap öten enelerimiziň saglyk, lukmançylyk ugrundan azda-kände düşünjeleri bolupmy ýa-da öňden gelýän adat edilen endiklermi, garaz şu gürrüňe dahylly birki mysal getireýin. Deslapkysy, çaga dümewden sagalan dessine onuň geýip ýatan egin-eşiklerini, ýatan ýorgan-düşeklerini haýdan-haý Güne sererdiler. Gün şöhlesi dümewi döreden zatlaryň tepbedini berip, gaýdyp bäri-bärde yzyna dolanmaz ýaly edýär. Ikinjisi, gyşmy-tomusmy, parhy ýok, çagany aram-aram daşaryk çykardylar.

Gün şählesi çaga bedenine dewaýys bolan «D» witaminiň emele gelmegine, onuň kadaly işlemegine itegi berýär. Ol ýumurtganyň sarysynyň, süňküň ýiliginiň, balyk ýagynyň we beýleki gymmatly azyk önümleriniň berýän peýdasynyň deregini tutýar. Men muny asyl kärim himiýa we biologiýa mugallymy bolansoň, wagtynda saglyk ugrundan ençeme gazet-žurnallary, kitaplary agtaranym sebäpli ynamly aýdýaryn.

Gadym zamanda gündogarly bir akyldar şägirtlerine şeýle sorag bilen ýüzlenýär:

-Älemde iň ýakymly, iň üýtgeşik, ajaýyp ys haýsy janly mahlukda bardyr?

Şägirtleriň her biri dürli atlary tutýar. Halypa şägirtleriniň beren jogaplaryndan kanagatlanman, çetde kitaba gümra bolup oturan ýigide kineli seslenýär:

-Taňrynyň sadyk guly, muny senem bileňokmy?

Halypasynyň özüne ýüzlenýändigini aňan şägirt okap oturan kitabyndan ýüzüni sowup, howul-halat söz alýar:

-Bagyşla, tagsyr, beýlekileriň öňüne geçmäýin diýip saklandym. Nobat bize ýeten bolsa ol-a, halypam, ynsan jigeriniň gül-gunçasy çagadyr. Allatagala çaga kysmy ysgap doýup bolmaýan täsin güli heniz döreden däl bolsa gerek.

Halypa gözüne ýaş aýlap:

-Hudaýa şükür, ömrüm, azabym bihal geçmändir-diýip, ýaňky şägirdini gujaklaýar.

Hawa, çaga –ynsan jigeriň gül-gunçasy. Jaý aýdylan söz. Çaga-onuň gara gözüniň garasy, süýji janynyň töresi deý söýülýän, goralýan, guwanylýan, buýsanylýan eziz zady. Ýöne oňa gowy terbiýe berilmegini, gowy görelde görkezmelidigini hem unutmaly däldiris. Ýogsam bolmasa, «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýilmezdi ahyry!

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

14 möjek nähili 94 milliard dollarlyk bähbit emele getirdi?

Ata Watan Eserleri

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri