BILIMSIZDEN GELENLER

Ylym we tehnikanyň utgaşmagynyň taryhy

Bilimiň döwrebap mazmuny adamzat ýaşaýşynyň aň düşünjesini häzirki zamanyň ösen talaplaryna kybapdaş dowam etdirmegidir. Adamzat özüniň döredijilik ukyby bilen tapawutlanmagy esasynda has amatly durmuşda ýaşamaklyga ymtylýar. Adamyň ýaşaýyş, durmuş talaplary we ýetmezçilikleri ylmyň hem-de tehnologiýanyň ýüze çykmagynyň sebäbidigi hemmämize mälimdir. Zerurlyk bolsa bilmegiň itergi güýjüdir. Zerurlyk sebäpli adam özüniň ýaşaýyş-durmuşyny aňsatlaşdyrmak maksadynda täzeçe tehnologiýalary döredýär. Ynsanyň esasy aýratynlygy bilmek we döretmek bolup durýar. Bilmek – bu, çaklamak, aýdyňlaşdyrmak we akyl ýetirmek bolsa, döretmek – amatly usullary oýlap tapmak hem-de hereket etmekdir. Şeýlelik-de, tehnologiýa zehinimizden we el başarnyklarymyzdan emele gelýär.

Häzirki döwrüň ösen tehnologiýalary bilen işleşmekde we bir aýakda gitmekde ylymdan, inženerçilik bilimlerinden hem-de senagatlaşmagyň dürli ugurlaryndan innowasion usullar arkaly baş çykaryp bilmek bu XXI asyryň inženerlerinden edilýän talaplardyr.

Innowasiýa sözi ösüşli täzelenme, dowamly kämilleşme diýen ýaly manylary berýär. Innoowasiýa esasy düşünjede ynsanyň amatly ýaşaýyşy gözlemegi sebäpli ýol açýan täzelikleriniň dowamlylygydyr.

Innowasion düşünje, bu durmuş hakykatlaryna esaslanýan ylmy-tehniki gurallary ulanyp bilmekligiň döredijiligini häsiýetlendirýän hem-de innowasion işjeňlige ugrugan we ony üpjün edýän daşky maglumatlary akyl taýdan kabul edip bilýän pikirlenme diýlip kesgitlenýär. Innowasion pikirlenme adamyň ýaşaýyş-durmuşynyň dürli ugurlaryndaky işjeňligi diýlip seredilse, inžener pikirlenmäni tehniki ugurlar boýunça işjeňlige gönükdirilen innowasion pikirlenmäniň bir ugry, şahasy hasaplanylýar.

Inženerçilik düşünje, bu dürli tehnikalary we konstruksiýalary ylmy nazaryýetlere esaslanyp ulanyp bilmegiň döredijiligini häsiýetlendirýän hem-de tehniki ugruň ösüşiniň işjeňligine ugrugan we ony üpjün edýän daşky maglumatlary akyl taýdan kabul edip, bilýän pikirlenmedir. Inženerçilik düşünjesi (pikirlenişi) – tehniki serişdeleri döretmek maksatly tehnologiki guramaçylyk usullary, tärleri hem-de goýlan meseleleri özboluşly, takyk we tiz çözmeklige mümkinçilik berýän bilimiň tehniki talaplaryny kanagatlandyrmaga ugrugan inženerçilik meselelerini çözmekde ýüze çykýan pikirlenmäniň aýratyn bir görnüşidir.

Tehnika maksat üçin bir araçydyr. Umuman aýdanymyzda, tehnikanyň özi bir esbapdyr, ýagny, guraldyr. Inženerçilik bilimlerinde tehnikalary döretmeklik tejribelerden ugur alýar we takyk bilimlere daýanýar. Döwrebap ylmy özgerişlik Isaak Nýutonyň 1867-nji ýylda “Natural filosofiýada matematikanyň başlangyçlary” (Philosopiae Naturalis Principia Matematica) atly ylmy eserini ýazmagy bilen başlanýar. 1781-nji ýylda Jeýmis Uatt tarapyndan oýlanylyp tapylan ilkinji bug maşyny senagatlaşdyrma döwrüniň ilkinji ädimi bolup durýandyr. Emma tehnologiýanyň ylym bilen utgaşýan döwri senagatlaşma döwrüniň başlanýan wagtyna, ýagny 1765-nji ýyla gabat gelmeýär. Ilki başda tejribelere daýanan tehnologiýalar XIX asyryň birinji ýarymynda ylym bilen kesişip başlaýar, ýagny, 1821-nji ýylda iňlis fizigi Maýkl Faradeýiň elektromagnit induksiýa nazaryýetinde eden açyşlary baradaky ýazan ylmy eseriniň esasynda hem-de 1831-nji ýylda amerikan fizigi Jozef Genri tarapyndan döredilen elektrik hereketlendiriji ylma esaslanyp taýýarlanylan ilkinji tehnikadyr. Şeýlelik-de, bu sene ylmyň we tehnologiýanyň ýollarynyň ilkinji kesişýän merkezi, başlangyjy hasap edilýär we şol döwürlerden bäri ylmyň hem-de tehnikanyň ýollary ösüşiň ugrunda biri-biri bilen eriş-argaç bolup kesişýärler.

 

Ogulbibi ANNAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň uniwersitetleri hyzmatdaşlyk eder

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy