Okgunly ösüşleri bilen barha öňe barýan, ykdysady kuwwaty günsaýyn ýokarlanýan berkarar Watanymyz guwanjymyzdyr, buýsanjymyzdyr. Ýurdumyzyň beýik ösüşleri we özgertmeleri kalbymyzy joşa getirip, bizi has-da tutanýerli we netijeli zähmete ruhlandyrýar.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şygary astynda üstünliklere we rowaçlyklara beslenen şanly ýylyň tamamlanyp barýan çagynda Watanymyzyň ösüşlerine nazar aýlanyňda ýüregiň has-da heýjana gelýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden toý edilen şöhratly ýylymyzda ýurdumyzyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, bilim ulgamynda ajaýyp üstünliklere ýetildi. Güneşli Diýarymyzdaky bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň üsti döwrebap mekdeplerdir çagalar baglary bilen ýetirildi. Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýanyň kabul edilmegi bolsa bilim işgärleriniň durmuşynda şatlykly waka öwrüldi.
Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilimi ösdürmek, kämil hünärmenleri kemala getirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýaşlaryň döwrebap bilimleri özleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylyp, bilim edaralarynda okatmagyň iň döwrebap ugurlary ösdürilýär.
Türkmen halky ylym-bilime, kitaba uly sarpa goýýar. Şonuň üçin hem ösüp gelýän ýaş nesle bilim öwretmekde hem, olaryň ylym-bilimli bolup ýetişmekleri üçin hem uly aladalar edilýär. Bilim ähli ösüşleriň gözbaşy hasaplanylýar. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we kuwwatlylygyny üpjün etmekde ilata ýokary hilli bilim bermegiň möhüm ähmiýeti bardyr. Şonuň üçin hem, ilkinji nobatda, ýaş hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünärine ökde ýaşlar bolup ýetişmegini gazanmak bilim ulgamynda aýratyn orna eýe bolup durýar. Munuň üçin bilim işgärleriniň, mugallymlaryň döredijilikli zähmet çekýändigini aýratyn bellemek gerek. Şeýle işler geljekde ýurduň durnukly ösüşini üpjün etjek ýaşlaryň kemala gelmegine ýardam berýär.
Bilşimiz ýaly, döwletimiz tarapyndan ýaş nesle aýratyn üns berilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralary, orta mekdepler bilim ulgamynda esasy orun tutmak bilen, olar ilkinji düşünjeleri, bilimleri şu ojaklardan alýarlar. Şonuň üçin hem häzirki zamanyň şertlerine laýyklykda, orta mekdepleriň okuw meýilnamalary kämilleşdirilýär, döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Okuw işine häzirki zaman tehnologiýalary we okatmagyň interaktiw usullary ornaşdyrylýar.
«Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň bilim edaralarynda döwrebap işler ýola goýulýar. Şeýle hem umumybilim berýän edaralarda okatmagyň usulyýeti has-da kämilleşdirilýär, ýaşlara bilim öwretmegiň iň döwrebap ugurlary işjeň durmuşa ornaşdyrylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän kitaplar barada geçirilýän söhbetdeşlikler, duşuşyklar, tanyşdyrylyş dabaralary ýaşlarda ýakymly täsirleri döredýär. Bu bolsa olaryň ruhy baýlygyny artdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.
Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby, aýratyn hem, ýurdumyzyň geljegi okuwçy ýaşlarda uly täsir galdyrýar. Mekdep okuwçylarynyň okuw gollanmalary hakynda aýdylanda bolsa, häzirki wagtda «Türkmen dili» kitaby, «Zähmet», «Aýdym», «Şekillendiriş sungaty» dersleri boýunça kitaplar, ýokarky synplar üçin «Algebra we analiziň başlangyçlary», «Fizika», «Biologiýa», «Edebiýat», «Dünýä taryhy», «Rus dili», «Jemgyýeti öwreniş», «Türkmenistanyň taryhy», «Türkmenistanyň döwlet we hukuk esaslary», «Ekologiýa», «Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary», «Özüňi alyp barmagyň medeniýeti» ýaly okuw kitaplary ýokary hilliligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Ýokary hilli okuw kitaplary hormatly Prezidentimiziň giň gözýetimli, bilimli ýaşlary ýetişdirmek babatdaky aladalarynyň aýdyň netijeleridir. Ýurdumyzyň ýokary, ýörite orta hünär we umumybilim berýän orta mekdepleri hem-de olaryň kitaphanalary kompýuterler, multimediýa, interaktiw okuw esbaplary, internet ulgamy, ygtybarly okuw kitaplary we gollanmalar bilen doly üpjün edilýär.
Ylym-bilim ösüşleriň hereketlendiriji güýjüdir. Elbetde, munuň özi ylym-bilim ulgamynyň hukuk esasynyň kämilligine we berkligine-de baglydyr. Çünki ulgama degişli kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşiniň binýadydyr. Şu nukdaýnazardan, bu günki günde döwletimizde «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy», “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020–2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 – 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçmegiň Maksatnamasy» üstünlikli hereket edýär. Bu bolsa giň gözýetimli, döwrüň ruhuna laýyk derejede pikirlenýän, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, saýlan hünärine yhlasly ýapyşýan türkmen ýaşlaryny terbiýelemäge, bilim işgärleriniň has netijeli işlemeklerine uly mümkinçilikleri açýar.
Ýaş nesliň döwrebap ylymly-bilimli, ýokary başarnykly bolup ýetişmekleri babatda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Ýagşygeldi Kakaýew,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň şekillendiriş sungaty mugallymy.